Sepleriň elýeterliligi

Damask: söweşler hökümet binalarynyň golaýynda dowam edýär


Penşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda oppozision ýaragly söweşijiler bilen hökümet guýçlerinin arasyndaky çaknyşyklar hokumet binalarynyň golaýynda dowam ätdi.

Damaskyň ýaşaýjylary penşenbe guni hokumet guýçlerinin oppozision soweşijilerin hereket ädýän kwartallaryna garşy artilleriýa oklaryny atyp başlandyklaryny habar berdiler.

Damask şäheriniň “Tadamon” we “Midan” raýonlarynda hökümet güýçleriniň artilleriýa ýaraglaryny ulanmaklary netijesinde şäheriň bu raýonlarynyň ýüzlerçe ýaşaýjysy öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolupdyr.

Çarşenbe güni Damaskda, Milli howpsuzlyk gullugynyň binasynda amala aşyrylan partlamada Siriýanyň goranmak ministriniň, goranmak ministriniň orunbasarynyň we wise-prezidentiň kömekçisiniň ölendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG