Sepleriň elýeterliligi

Bakudaky Haýdar Alyýew merkezi ot aldy


Haýdar Alyýew merkezinde ýüze çykan ýangyn, 20-nji iýul.

Haýdar Alyýew merkezinde ýüze çykan ýangyn, 20-nji iýul.

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwyň ýangyn söndürijileri 20-nji iýulda Haýdar Alyýew merkezinde ýüze çykan ýangyny söndürmäge synanyşýarlar.

Resmiler ýangyny söndürmek üçin 50 sany ýangyn söndüriji toparyň we birnäçe dikuçaryň waka ýerine iberilendigini aýdýarlar.

Çekilen zyýanyň möçberi, şeýle hem ýangynyň sebäpleri barada häzirlikçe resmi maglumat ýok.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, waka ýerinde 10 sany ýangyn söndüriji topar iş alyp barýar.

Azerbaýjanyň öňki prezidentiniň we häzirki prezidentiniň atasynyň adyny göterýän bu merkez Haýdar Alyýewiň doglan gününiň 89 ýyllygy mynasybetli maý aýynda açylypdy.


250 million dollarlyk bu binanyň daşky görnüşi köpleriň ünsüni özüne çekýär.

2003-nji ýylda 80 ýaşynda aradan çykan Haýdar Alyýew Sowet Azerbaýjanynyň kommunist lideridi. Sowet soýuzynyň dargamagy bilen Azerbaýjan öz garaşsyzlygyny yglan edenden soň, ol 1993-nji ýylda ýurduň prezidenti boldy.

Ýurduň häzirki lideri ony “döwrebap Azerbaýjanyň düýbüni tutujy” hökmünde dabaralandyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG