Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabagdaky saýlawlarda Bako Sahakýana köp ses berildi


Azerbaýjanyň separatistik Daglyk-Garabag regionynda penşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijesi bu regionyň häzirki lideri Bako Sahakýanyň sesleriň köplügine eýe bolandygyny görkezýär.

Regionyň saýlaw komissiýasynyň deslapky maglumatlaryna görä, Bako Sahakýan sesleriň 66 prosentinden gowragyna, onuň garşydaşy, ozalky goşun generaly Witaliý Balasanýan bolsa sesleriň 32 prosentinden gowragyna eýe bolupdyr.

Maglumatda bu prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin 15 ýurtdan 80 sany synçynyň barandygy aýdylýar.

Saýlawlaryň öňýany Azerbaýjanyň hökümeti Daglyk-Garabagdaky bu saýlawlary “bikanun” diýip atlandyrdy we oňa syn etmäge barjak islendik bir daşary ýurt raýatynyň “Azerbaýjanda islenilmeýän adam” diýlip yglan ediljekdigi barada duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG