Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazandaky hüjümlerde güman bildirilýän 5 adam tussag edildi


Anna güni Orsýetiň Jenaýat-derňew komitetiniň resmileri Tatarystan Respublikasynyň müftülerine garşy gurnalan hüjümlerde güman edilýän bäş adamyň tussag edilendigini mälim etdiler. Tussag edilenlerden biriniň özbek milletindendigi, galan dördüsiniň bolsa tatar milletindedigi aýdylýar.

Penşenbe güni Tatarystanyň paýtagty Kazanda amala aşyrylan iki sany dürli hüjümde respublikanyň baş müftüsi Ildus Faýzow ýaralandy we onuň orunbasary Walilulla Ýakubow öldi.

Orsýetiň Jenaýat-derňew komitetiniň metbugat sekretary Wladimir Markin bu waka bilen baglanyşykly tussag edilenleriň arasynda musulmanlary haj zyýaratyna ugradýan bir syýahat kompaniýasynyň eýesiniň-de bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG