Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky adam ýitgileriniň sanynyň ur-tut artandygy aýdylýar


Düýbi Londonda ýerleşýän we Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan gurama diňe şu hepdäniň penşenbe güni Damaskdaky we käbir beýleki şäherlerdäki atyşyklarda 300-den gowrak adamyň ölendigini aýdýar.

Soňky bir hepde bäri Siriýanyň paýtagty Damaskda oppozision ýaragly söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar has-da güýçlendi.

BMG-niň bosgunlar baradky edarasy soňky iki günüň dowamynda Siriýadan 30 müň töweregi adamyň Liwanyň territoriýasyna bosup barandygyny aýdýar. Bu edaranyň maglumatyna görä, ýaragly konfliktleriň barşynda Siriýada bir million töweregi adam öz ýaşaýan ýerini terk etmäge mejbur bolupdyr.

Penşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýanyň režimine garşy sanksiýa girizilmegini göz öňünde tutýan rezolýusiýanyň taslamasy sese goýlanda, Orsýet bilen Hytaý oňa weto goýdy.
XS
SM
MD
LG