Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Howo” howpundan internet tizligine çenli


Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy iýulda geçiren hökümet maslahatynda, 2012.
Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy iýulda geçiren hökümet maslahatynda, 2012.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy iýulda ýurduň ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, energetika we senagat toplumy, maliýe-ykdysady ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Penşenbe güni geçirilen maslahatyň dowamynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy N.Orazow we onuň orunbasary O.Ataýew işden boşadyldy.

Prezident ýurduň baş prokuroryna bu pudagyň işinde goýberilen kemçiliklere kanunçylyk esasynda garap, günäkärleri jogapkärçilige çekmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň baş prokurory Ý.Ýazmyradowyň iş maslahatynda beren hasabatyna görä, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işinde geçirilen barlag Türkmenistanyň territoriýasynda uly ýük maşynlarynyň, hususan-da Hytaýyň ýerli howa şertlerine laýyk gelmeýän “Howo” kysymly ulagynyň ulanylyşynda hem adam zaýaçylygyna, hem ýol zaýaçylygyna getirýän bidüzgünçilikleri ýüze çykarypdyr.

Transport resmileri hökümet maslahatynda, 19-njy iýul.
Transport resmileri hökümet maslahatynda, 19-njy iýul.
“Tehniki häsiýetleri boýunça biziň ýurdumyzyň tebigy şertlerine gabat gelmeýän, hereketlendirijisiniň sesi ýokary bolup, durzuş ulgamynda we nowasynyň gurluşynda kemçilikleri bolan “Howo” kysymly ýük awtoulaglary getirilip, “Türkmenstandartlary” döwlet gullugy tarapyndan näsazlyklary ýüze çykarmaga niýetlenen ýörite enjamlary ulanmazdan, diňe daşyndan serediş geçirmek usuly bilen çäklenilip, laýyklyk sertifikatynyň berlendigi anyklandy” diýip, Ýazmyradow aýtdy.

Baş prokuror bu ulaglaryň gümrük taýdan resmileşdirilişinde we olaryň ulanylyşynda hem kanunçylyk kadalarynyň ýeterlik berjaý edilmeýändigini aýdýar.

Artyk ýük hem ulagy, hem ýoly ýykýar

Häzir ýurtda “Howo” ýük ulagynyň 4330-synyň bardygy, şolaryň 3412-siniň hususy eýeçilige, 744-siniň döwlet edaralaryna, 170-siniň bolsa daşary ýurt kompaniýalaryna degişlidigi aýdylýar.

​Resmi maglumatlara görä, bu ulaglaryň jemi 3368-sine ygtyýarnama berlip, galan 962-siniň ygtyýarnamasyz işledilýändigi anyklanypdyr. Gürrüňi edilýän ulaglaryň ulanylyşynda ýol berlen bidüzgünçilikler, hususan-da olaryň her okuna düşýän agramyň 10 tonnadan agdyk bolmagy, ulag togtadyjysynyň zaýalanmagy we beýleki kemçilikler netijesinde, 2008-nji ýyldan bäri 160 sany ýol hadysasynyň bolandygy aýdylýar.

"Howonyň" ulag togtadyjysynyň zaýalanmagy we beýleki kemçilikler netijesinde, 2008-nji ýyldan bäri 160 sany ýol hadysasynyň bolandygy aýdylýar.
"Howonyň" ulag togtadyjysynyň zaýalanmagy we beýleki kemçilikler netijesinde, 2008-nji ýyldan bäri 160 sany ýol hadysasynyň bolandygy aýdylýar.
Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Müllikow iş maslahatynda ýurtda häzir gurluşyk pudagynda ulanylýan 98 müňden gowrak ýük ulagynyň hasaba alnandygyny, ol ulaglarda ýüklenmelisinden artyk ýük daşamagyň hem ulaglaryň özünde näsazlyk döredýändigini, hem ýollaryň çalt zaýalanmagyna getirýändigini aýtdy.

2012-nji ýylyň dowamynda geçirilen barlaglar 468 raýatyň degişli rugsady bolmazdan ýük ulagyny ulanandygyny ýüze çykarypdyr.

Awtobus, otly, uçar we gämi gatnawy meselesi

Türkmen studentleri Moskwanyň Domodedowo aeroportunda, 1-nji iýul, 2012.
Türkmen studentleri Moskwanyň Domodedowo aeroportunda, 1-nji iýul, 2012.
Berdimuhamedow iş maslahatynda ilata edilýän ulag, gatnaw hyzmatynyň ýaramazlygyna galýandygyny tassyklap, ýurduň awtomobil transporty ministri S.Berkeliýewi hem işinden boşatdy. Aýdylmagyna görä, oňa ozal iki gezek berk käýinç berlipdir.

Türkmenistanda ilata edilýän ulag hyzmatynda, şäheriçi we şäherara awtobuslarynyň, otlularyň, uçarlaryň gatnawynda, hususan-da ilata bilet satmak düzgüniniň kadalaşdyrylmagynda uly kynçylyklaryň bardygy aýdylýar.

Berdimuhamedow Aşgabatdaky we welaýat merkezlerindäki, etrap ýerlerindäki awtobus duralgalarynda ulaglaryň kadaly gatnamazlygy sebäpli ullakan adam üýşmeginiň emele gelýändigini, demir ýol gatnawynda, adamlary we gurluşyk materiallaryny daşamakda, gämi gatnawynda, uçar hyzmatynda bar bolan kemçilikler barada hem gürrüň edip, bu ugurda bar bolan problemalary haýal etmän çözmegiň üstünde işlemäge, kadrlary taýýarlamak meselesine aýratyn üns bermäge çagyrdy.

Maliýe bidüzgünçilikleri we internet

Türkmenistanyň baş prokurory Ý.Ýazmyradow hökümet maslahatynda, 19-njy iýul.
Türkmenistanyň baş prokurory Ý.Ýazmyradow hökümet maslahatynda, 19-njy iýul.
Türkmenistanyň baş prokurory Ý.Ýazmyradowyň iş maslahatynda eden çykyşynda ýurduň Aragatnaşyk ministrliginde ýol berlen kemçilikler, hususan-da maliýe bidüzgünçilikleri hakynda habar berildi. Berdimuhamedow bu kemçilikler üçin aragatnaşyk ministriniň orunbasary A.Muhammedowy işden boşatdy.

Iş maslahatynda aragatnaşyk, telefon we internet hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, dünýä standartlaryna laýyk, berk beton düşekli ýollary gurmak, bu ýollary ulanmagyň kanunçylyk esaslaryny berkitmek, paýtagtda arassaçylygyň, tertip-düzgüniň saklanmagy, polisiýanyň gowy taýýarlykly ýol gözegçilerini taýýarlamak, Aşgabatda gurulmaly gurluşyklar we döwlet işiniň beýleki wajyp meseleleri barada hem gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG