Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýalylar öýlerini terk edýärler


Hökümetiň esgerleri Damaskyň al-Midan raýonynda, 20-nji iýul.
Hökümetiň esgerleri Damaskyň al-Midan raýonynda, 20-nji iýul.
Aktiwistler Siriýanyň iň gandöküşikli günleri başdan geçirýänligini aýdýarlar. BMG bolsa milliona golaý adamyň öz oturan ýerlerinden göçmeginiň ähtimaldygyny çak edýär.

Siriýanyň “Adam hukuklary boýunça gözegçi” atly oppozision toparynyň aýtmagyna görä, hepdäniň penşenbe güni Damaskda we beýleki ýerlerde bolan güýçli söweşlerde esgerlerden, gozgalaňçylardan we parahat ýaşaýjylardan jemi 300-e golaý adam öldürilipdir.

Bu sanlar garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.

BMG-niň bosgunlar boýunça agentligi 30 müňden gowrak siriýalynyň soňky 48 sagadyň dowamynda Liwanyň giňişligine geçenligini habar berdi we umuman 1 milliona golaý siriýalynyň öz öýlerini terk etmeginiň mümkinliginiň çak edilýänligini belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de dünýä ýurtlary BMG-niň Siriýadaky missiýasynyň geljegi barada ylalaşyga gelmediler. Missiýanyň mandaty hepdäniň anna güni tamamlanýar.

Orsýet bilen Hytaýyň pozisiýasy

Orsýet we Hytaý Günbatar döwletleriniň Siriýanyň režimine sanksiýalar arkaly basyş etmek boýunça öňe sürýän rezolýusiýasynyň kabul edilmegine garşy çykdylar.

Orsýet Günbatar hökümetlerini konflikte ýaragly goşulyşmak üçin rеzolýusiýany bahana hökmünde ulanmaga synanyşmakda aýyplady. Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili Aleksandr Lukaşewiç hepdäniň anna güni Moskwada eden çykyşynda şeýle diýdi: “Orsýetiň Siriýanyň häkimiýetlerine garşy haýbat atyjy sanksiýaly rezolýusiýany goldamakdan boýun gaçyranlygy sebäpli, kabir günbatar ýurtlarynyň zorlugyň güýçlenmeginiň jogapkäçiligini Orsýetiň boýnuna atmak synanyşygy ýerliksizdir”.

Orsýet BMG-niň 300 agzalyk gözegçiler missiýasynyň, hiç hili şert goýulmazdan, Siriýada ýene-de 45 günlük galmagyny goldaýanlygyny aýtdy. Bu çäräniň Günbatar döwletleri tarapyndan näderejede goldanjagy belli däl. Waşington bolsa has berk ygtyýarlyk berilmedik ýagdaýynda gözegçiligiň manysynyň ýokdugyny aýdýar.

Hytaý Günbataryň goldaýan rezolýusiýasyny “birtaraplaýyn” diýip atlandyrdy. Pekiniň BMG-däki ilçisi Li Baodong hepdäniň penşenbe güni Nýu Ýorkda eden çykyşynda “Günbatar döwletleriniň teklip edýän rezolýusiýasynyň diňe bir tarapa basyş edilmegini göz öňünde tutýanlygyny” belledi.

Assadyň töweregi

Siriýanyň döwlet telewideniýesi Damaskda Siriýanyň Milli howpsuzlygynyň ýolbaşçysy general Hişam Ihtiýaryň bomba partlamasynda ýaralananlygyny habar berdi. Hepdäniň çarşenbe güni Milli howpsuzlyk edarasynda bolan partlamada Siriýanyň ýokary derejeli üç resmisi heläk boldy.

Assadyň ýakyn töweregindäki resmiler Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri dowam edýän zorlukdan ilkinji gezek ejir çekdiler.
XS
SM
MD
LG