Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýanyň 80-e golaý şäherinde demonstrasiýalar geçirilýär


Anna güni Ispaniýanyň paýtagty Madridde we Barselona şäherinde hökümetiň maliýe tygşytlaýyş çärelerine garşy protest bildirilip geçirilen demonstrasiýada polisiýa protestçilere garşy rezin ok atýan ýaraglary ulandy.

Madriddäki bu günki demonstrasiýa ýüzmüňlerçe adamyň gatnaşandygy habar berilýär. Şu gün hökümetiň maliýe syýasatyna garşy şuňa meňzeş protestler Ispaniýanyň 80-e golaý şäherinde geçirilýär.

Bu wakanyň öňýany, düýn ýurduň dolandyryjy Halk partiýasynyň agdyklyk edýän parlamenti maliýe tygşytlaýyş çäreleri baradaky kanunyň taslamasyny goldap ses berdi.

Bu täze çäreler harytlara salynýan salgytlary artdyrmaklygy we aýlyk haklaryny ep-esli kemeltmekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG