Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Awrora şäherindäki ýaragly hüjümde 12 adam öldi


Anna güni ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň polisiýasy bu ştatyň Awrora şäherindäki bir kinoteatrda bir ýaragly adamyň atan okundan 12 adamyň ölüp, 50 töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Wakada ýüzüne protiwogaz geýen bir ýaş adam kino teatryň zalyna girip, ol ýerde kino görmek üçin ýygnanan adamlara garşy at açypdyr.

Polisiýa bu hüjüm eden adamyň tussag edilendigini we onuň 20 ýaşlaryndaky bir ýaş adamdygyny mälim etdi. Emma bu adamyň kimdigi we onuň näme sebäbe şeýle hüjümi amala aşyrandygy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG