Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Bulujystan welaýatyndaky hüjümde azyndan 6 esger öldi


Şenbe güni Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň Peşikan şäheriniň golaýynda ýaragly söweşijiler bir barlag postuna hüjüm edip, azyndan alty sany esgeri atyp öldürdiler.

Ýerli hökümet administrasiýasynyň başlygy Sohaýlur Rehman ýaragly söweşijileriň deňziň gyrasyndaky bir barlag punktunyň daşyny gabap, ol ýerdäki esgerleri oka tutandyklaryny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu hüjümde azyndan alty esger ölüp, ýene üç esger ýaralanypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG