Sepleriň elýeterliligi

Tanzaniýa: parom heläkçiliginde 146 adam ölendir diýlip çaklanylýar


Şenbe güni Tanzaniýanyň hökümeti Hind okeanynda paromyň suwa agdarylmagynda ýiten adamlary gözlemek işini bes edendigini mälim etdi.

Üsti ýolagçyly parom şu hepdäniň çarşenbe güni Dar es-Salaam şäherinden Zanzibar adasyna barýarka okeana agdarylypdy.

Tanzaniýanyň hökümet resmileri şu günki güne çenli 69 adamyň jesediniň tapylandygyny we ýene 77 adamdan habar-hatyryň ýokdugyny aýdýarlar.

Heläkçiligiň yzýany halas ediş çärelerinde 145 adamyň halas edilendigi, olaryň arasynda daşary ýurtlaryň raýatlarynyň-da bardygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG