Sepleriň elýeterliligi

Mahaçgaladaky operasiýada iki sany söweşiji öldürildi


Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada şenbe güni irden ýaragly söweşijilere garşy başlanan howpsuzlyk operasiýasynyň öýlän tamamlanandygy habar berilýär.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, bu howpsuzlyk operasiýasy Mahaçgala şäherindäki bir ýaşaýyş jaýynda öý eýelerini zamun alan ýaragly söweşijilere garşy geçirilipdir.

Operasiýanyň barşynda ýaragly söweşijiler öýüň eýeleri är-aýaly zamunlykdan goýberipdirler. Bu wakanyň yzy bilen gabawdaky jaýa hüjüm edilip, ondaky iki sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG