Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin hökümetden aýry guramalar baradaky täze kanuna gol çekdi


Şenbe güni Orsýetiň prezident administrasiýasy prezident Putiniň ýurtdaky hökümetden aýry guramalar baradaky dawaly kanunyň taslamasyna gutarnykly gol çekendigini habar berdi.

Mundan öň bu kanunyň taslamasy parlamentiň aşaky we ýokarky palatalary tarapyndan tassyklanypdy.

Bu täze kanun daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän Orsýetdäki guramalaryň işine gözegçiligi has-da güýçlendirýär we olaryň statusyny “daşary ýurt agentleri” diýip kesgitleýär.

Orsýetdäki ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar we aktiwistler şu günki güne çenli bu kanunyň kabul edilmegine garşy çykyş edip geldiler.
XS
SM
MD
LG