Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Aleppo şäherinde gazaply söweşler ikilenji gün dowam edýär


Şenbe güni Siriýanyň Aleppo şäherinde oppozision ýaragly söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky gazaply çaknyşyklar ikilenji gün dowam etdi.

Paýtagt Damaskda hökümet güýçleriniň ýaragly söweşijilere garşy geçiren anna günki operasiýalaryndan soň, şenbe güni ýagdaýyň birneme ümsümleşendigi habar berilýär.

Bu wakalaryň fonunda anna güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýadaky synçylaryň missiýasyny ýene bir aý uzaltmak barada karar kabul etdi.

Häzirki wagt Siriýanyň hökümet güýçleriniň ýurduň Yrak we Türkiýe bilen serhet geçelgelerindäki esasy postlary ýaragly söweşijileriň kontrollygyndan yzyna almak ugrunda söweşýändikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG