Sepleriň elýeterliligi

G.Berdimuhamedow dürli pudaklara degişli permanlara gol çekdi


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow halk-hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli birnäçe möhüm permana gol çekdi.

Bu permanlardan biri önümçilik hem-de durmuş hyzmatlary bilen meşgullanjak kiçi we orta telekeçilik işleri üçin kredit almak isleýän raýatlara Türkmenistanyň banklarynyň 5 prosent ýyllyk bähbit bilen kredit bermekleri baradaky perman.

Prezidentiň permanlaryndan ýene biri “Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň jogapkärçiliginde “Arçman-Türkmenbaşy”, “Aşgabat-Türkmenbaşy”, “Änew-Mary” we “Aşgabat-Mary” transport ýollarynyň ugrunda jemi 78 sany täze, döwrebap transport köprüleriniň gurulmagyna degişli perman.

Mundan daşary, prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň deňiz we derýa transportlary boýunça Döwlet gullugyna Horwatiýa Respublikasynyň kompaniýasyndan iki sany ýolagçy paromyny satyn almaklyga rugsat berýän permana-da gol çekdi.
XS
SM
MD
LG