Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly sportsmenler London olimpiadasyna ugradylar


Anna güni Türkmenistanyň Sport we turizm baradaky milli institutynyň maslahatlar zalynda türkmenistanly sportsmenleri tomusky olimpiada ugratmak bilen bagly ýörite dabara geçirildi.

Londonda gurnalýan bu olimpiadanyň başlanmagyna bir hepdeden sähel az wagt galdy.

Türkmenistandan Londona 23 adamdan ybarat ýörite delegasiýanyň barjakdygy habar berilýär. Olardan 10-sy sportuň dürli gönüşleri boýunça bäsleşjek sportsmenler.

Bu gezekki olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly sportsmenler sportuň bäş görnüşi, hususan-da, ýeňil atletika, agyr atletika, boks, göreş we suwda ýüzmek boýunça bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG