Sepleriň elýeterliligi

Putin dawaly kanuna gol çekdi


Putiniň gol çeken bu kanuny daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän Orsýetdäki guramalaryň işine gözegçiligi has-da güýçlendirýär.

Putiniň gol çeken bu kanuny daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän Orsýetdäki guramalaryň işine gözegçiligi has-da güýçlendirýär.

Şenbe güni Kremliň metbugat gullugy prezident Wladimir Putiniň ýurtdaky hökümetden aýry guramalar baradaky dawaly kanunyň taslamasyna gutarnykly gol çekendigini habar berdi.

Mundan öň bu kanunyň taslamasy parlamentiň aşaky we ýokarky palatalary tarapyndan tassyklanypdy.

Bu täze kanun daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän Orsýetdäki guramalaryň işine gözegçiligi has-da güýçlendirýär we olaryň statusyny “daşary ýurt agentleri” diýip kesgitleýär.

Orsýetli synçylar “daşary ýurt agentleri” diýen terminiň Orsýetde we käbir beýleki ýurtlarda “içaly” diýen sözüň sinonimidigini aýdýarlar.

Täze kanun köpsanly beýleki talaplar bilen bir hatarda, garaşsyz guramalaryň ýylyň her çärýeginde öz maliýe görkezijileri barada Orsýetiň häkimiýetlerine hasabat bermeklerini-de talap edýär. Mundan daşary, bu kanun hökümetden aýry guramalaryň işini öňünden yglan etmezden derňemäge-de ýol açýar.

Orsýetdäki ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar we aktiwistler bu kanunyň ýurduň hökümetiniň işini ýa syýasatyny tankyt edýän guramalary nyşana almak üçin ulanylmagynyň mümkindigini aýdyp, muňa alada bildirýärler.

Bu barada alada bildirýänlerden birem Orsýetdäki Demokratik ösüş we ynsan hukuklary boýunça merkeziň prezidenti Ýuriý Jibladze.

Ol: “Biz bu kanuny konstitusiýa garşy diýip hasaplaýarys. Häzirki wagt Graždan we Jenaýat kodeksine giriziljek üýtgetmeler boýunça ses berişlik hem güýze çenli yza süýşürildi. Bu üýtgetmeler guramalara garşy resmi duýduryşlardan başlap, jerimeleri we guramalaryň işini ýatyrmaklygy göz öňünde tutýar. Biz bu kararlara garşy suda ýüz tutmakçy” diýip, öz garaýşyny mälim etdi.

Käbir beýleki aktiwistler häzirki kabul edilen kanunda kän bir aýdyňlygyň ýokdugyny aýdýarlar. Mysal üçin, kanunda daşary ýurt fondlary tarapyndan maliýeleşdirilýän we “syýasy işlere” goşulyşýan guramalaryň “daşary ýurt agentleri” diýen status boýunça registrasiýa edilmelidigini aýdýar. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, kanun “syýasy işler” diýilýäniň nämedigini aýdyňlaşdyrmaýar.

Bu kanunyň tankytçylary muny Wladimir Putiniň prezidentlik wezipesine gaýdyp gelmegi bilen, raýat azatlyklaryny çäklendirmek üçin alnyp barylýan çäreleriň bir bölegi hökmünde baha berýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG