Sepleriň elýeterliligi

Durmuşy waka: “Men Türkmenbaşynyň gülçi gyzy bolupdym”


Akmaral: "Sapagymyzyň ortarasynda klasymyza bir aýal girip, 10 töweregi okuwçyny barmagy bilen görkezdi-de, ‘sen, sen, sen’ diýip saýlady. Onsoň, biz onuň yzyna düşüp, gimnaziýa tarap gitmeli bolduk".

Akmaral: "Sapagymyzyň ortarasynda klasymyza bir aýal girip, 10 töweregi okuwçyny barmagy bilen görkezdi-de, ‘sen, sen, sen’ diýip saýlady. Onsoň, biz onuň yzyna düşüp, gimnaziýa tarap gitmeli bolduk".

Türkmenistanda hemme raýatlar döwlet liderine söýgi-hormat bilen garamalydyr diýlip düşünilýär. Emma bu raýatlardan diňe örän az sanlysy resmi ýagdaýda “hormat goýujylar” hökmünde saýlanyp alynýarlar.

Türkmenistanyň ilkinji postsowet prezidenti Saparmyrat Nyýazow özüniň geň häsiýetleri we şahsyýet kultuny ösdürmek aýratynlygy bilen dünýäniň iň bir zamun diktatorlarynyň arasynda-da tapawutlanyp biljek şahsyýetdi. Nyýazow saýlawlary galplaşdyrypdy, erkek adamlaryň sakgallaryna degişli permanlar ýaly permanlary çykarypdy, özüne “Türkmenbaşy” diýen ady dakynypdy.

Onuň oruntutary Gurbanguly Berdimuhamedow şahsyýet kulty bilen bagly däbi saklap galmak bilen-de çäklenmedi. Käbir beýleki zatlar bilen bir hatarda, ol köp kitaplaryň awtory boldy, atçylyk boýunça bilermene we türkmen halkynyň “Arkadagyna” öwrüldi.

Iýun aýynyň ahyrynda bolsa, ol özüniň 55 ýyllyk ýaş toýuny özüne ygrarly mähelläniň goldamagynda, erkekleriň we aýallaryň ýokary derejedäki guramaçylykly çäreleri bilen belläp geçdi.

Nyýazowyň hökümdarlyk eden döwründe “gülçi gyz” bolmak “hormaty” miýesser eden žurnalist gyz Akmaral (şahsy howpsuzlygy üçin ady üýtgedilip alyndy) döwlet liderine söýgi-hormaty beýan etmek üçin saýlanyp alynýan ýaşlaryň göni manysynda köp ýitgi çekýändiklerini aýdýar.

Resmi çärede çykyş edýän türkmen gyzlarynyň bir topary

Resmi çärede çykyş edýän türkmen gyzlarynyň bir topary

Akmaraly Nyýazowa resmi ýagdaýda söýgi-hormat bildiriji hökmünde saýlap alanlarynda, ol 7-nji klasda okaýan eken. Ol: “Günleriň bir güni sapagymyzyň ortarasynda klasymyza bir aýal girip, 10 töweregi okuwçyny barmagy bilen görkezdi-de, ‘sen, sen, sen’ diýip saýlady. Onsoň, biz onuň yzyna düşüp, gimnaziýa tarap gitmeli bolduk” diýip, gürrüň berýär.

Gimnaziýanyň jaýynda Akmaral we onuň klasdaşlary hatara düzülensoň, ady belli bolmadyk bir resmi olary haçandyr bir wagt prezident gelende, ony mahabatlandyrmak boýunça etmeli işlerine görä dürli toparlara bölüpdir. Çagalar tans etmek, aýdym aýtmak ýaly çäreler boýunça toparlara bölünipdir, Akmaral gül hödürleýjileriň toparyna düşüpdir.

Saýlanyp alynmaklyk köp zady aňladýardy, olardan hemmesi şeýle bir gowy zatlar hem däldi. Hormat görkeziji obýekte öwrülmeklikden daşary, çagalar onlarça sagat (käte ondanam köp) wagtlaryny dürli hili türgenleşiklerde geçirmelidi, bu türgenleşikler bolsa, adatça, olaryň sapak okamaly wagtlary geçirilýärdi.

Akmaral köp ene-atalaryň öz çagalarynyň şeýle toparlara alynmagyny doly goldaýandyklaryny we hatda muňa buýsanýandyklaryny, emma öz ene-atasynyň welin muňa tutanýerli garşy bolandyklaryny aýdýar. Ýöne olaryň ýerli häkimiýetlere bildiren garşylyklary, ahyrky netijede, hiç hili netije bermändir we bu çäreler sapaklaryň sypdyrylmagyna hem-de maşgalanyň artykmaç maliýe çykdajylaryna sebäp bolupdyr.

Şol döwürde Akmaral hususy mekdepde okaýan eken. Şoňa görä-de, onuň “hormatlaýyş türgenleşikleri” üçin sypdyrýan her bir sapagy onuň ene-atasynyň her bir sagat üçin töleýän pulunyň zibile zyňylmasy ýaly bir zada öwrülipdir.

Munuň üstesine, ene-atalar öz çagalarynyň gatmaşmaly çärelerinde geýjek köýneklerini we beýleki geýimlerini-de öz pullaryna almalydy. Akmaral çykdajylaryň adatça elýeterli derejede bolandygyny, emma bir gezek öz toparyna gatnaşýanlaryň her birinden häkimiýetleriň gymmatbaha milli tahýa satyn almaklygy talap edendiklerini aýdýar. Bu tahýany bolsa olar ýörite paýtagt Aşgabatdan 150 dollara buýurmaly bolupdyrlar.

“Şular ýaly çykdajylar üçin çagalaryň köpüsi biziň mekdebimizden saýlanyp alynýardy, sebäbi biz hususy mekdepde okaýardyk, Medeniýet ministrligi bolsa bizde pul köpdür we gymmatbaha tahýa ýaly zatlar bize elýeterlidir öýdüp pikir edýärdi” diýip, Akmaral gürrüň berýär.

Geçirilýän dabaralaryň özi-de oňa gatnaşyjylar üçin fiziki taýdanam, psihologiki taýdanam belli bir derejede ezýetdi. Akmaralyň aýtmagyna görä, çagalar köplenç diňe ýöne Türkmenbaşynyň haýsydyr bir jaýa girerine ýa-da jaýdan çykaryna garaşyp, naharsyz-suwsuz birnäçe sagatlap aýak üstünde durmaly ekenler.

Häzirki wagt Akmaral mekdebi tamamlap, işläp ýör. Şoňa görä-de, indi oňa öz ýurdunyň prezidentine gül desselerini gowşurmak üçin öz dynç alyş günlerinden mahrum bolmaklyga zerurlyk ýok.

Ol çagalaryň şular ýaly “hormatly toparlara” saýlanyp alynmagynyň soňra olaryň tä orta mekdebi tamamlaýançalar çärelere gatnaşmakda ulanyljakdyklaryny aňladýandygyny aýdýar. Ýöne uniwersitete baransoňlaram, studentleri köplenç resmi çärelerde prezidenti goldamaklyga “ruhlandyrýan” ekenler.

Şu zatlardan çen tutsaň, “Beýik bagtyýarlyk zamanynda” ýaşaýanlaryň aladasy örän köp ýaly görünýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG