Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň Olimpiada Komitetiniň başlygy zamunlykdan boşadyldy


Liwiýanyň Olimpiada Komitetiniň başlygy Nabil al-Alam näbelli ýaragly adamlar tarapyndan alty günläp zamunlykda saklanandan soň, ýekşenbe güni boşadyldy. Ol geçen hepdäniň başynda paýtagt Tripolide näbelli ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçylypdy.

Nabil al-Alamyň dogany Saleh al-Alam žurnalistlere beren interwýusynda öz doganynyň kimler tarapyndan we näme sebäbe alnyp gaçylandygynyň belli däldigini aýtdy.

Liwiýanyň Olimpiada Komitetiniň başlygy Nabil al-Alam Muammar Kaddafiniň döwründe ýurduň futbol assosiasiýasyna ýolbaşçylyk edipdi we Kaddafiniň ogly Muhammed bilen ýakyn dostlukdaky adam hasaplanylýardy.
XS
SM
MD
LG