Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada ýewreýleriň deportasiýasynyň 70 ýyllygy bellenilýär


Ýekşenbe güni Fransiýanyň paýtagty Parižde bu ýurtdan ýewreý ilatynyň deportasiýa edilmegi bilen baglanyşykly wakanyň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, ýörite ýatlama çäresi geçirildi.

Bu çärede eden çykyşynda prezident Fransua Olland 1942-nji ýylyň tomsunda amala aşyrylan şol deportasiýa çäresini “Fransiýa tarapyndan amala aşyrylan jenaýatçylyk” diýip atlandyrdy.

1942-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda nasistik Germaniýanyň görkezmelerine boýun bolup, Fransiýanyň polisiýasy 13 müňden gowrak ýewreý raýatyny Auşwis konslagerine ugradypdy. Şolardan diňe 100-e golaýy bu konslagerde diri galypdy.
XS
SM
MD
LG