Sepleriň elýeterliligi

Damask we Aleppo şäherlerinde gazaply çaknyşyklar dowam edýär


Ýekşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda hökümet güýçleri paýtagtyň birnäçe raýonynda oppozision ýaragly söweşijilere garşy artilleriýa ýaraglary we wertolýotlar arkaly hüjüm etdiler.

Siriýanyň oppozision çeşmesiniň maglumatyna görä, hökümet güýçleri Damaskyň Mezze raýonynda ýekşenbe güni ýaragly söweşijileri gysyp çykaryp, kontrollygy öz ellerine alypdyrlar.

Siriýanyň Aleppo şäherinde-de indi üçülenji gün oppozision ýaragly söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky gazaply çaknyşyklar dowam edýär.

Britaniýada iş alyp barýan Siriýa boýunça ynsan hukuklaryny goraýjy gurama Siriýada geçen ýylyň mart aýyndan bäri dowam edýän gozgalaňlaryň barşynda 19 müňden gowrak adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG