Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýada köpçülikleýin gyrgynçylygyň ýyl dönümi bellenilýär


Ýekşenbe güni Norwegiýada dogry bir ýyl mundan ozal norwegiýaly aşa milletçi Anders Breýwikiň köpçülikleýin adam gyrgynçylygyny amala aşyrmagynyň ýyl dönümi bellenilip geçilýär.

Dogry bir ýyl mundan ozal 32 ýaşly Anders Breýwikiň Oslo şäheriniň merkezinde amala aşyran partlamasynda 8 adam ölüpdi.

Şol gün hem ol bu şäherden uzak bolmadyk Utoýa adasyna baryp, ol ýere ýygnanan ýetginjeklere garşy ýaragly hüjüm edipdi. Bu ikinji hüjümde 69 adam hüjümiň pidasy bolupdy.

Munuň özi Ýewropanyň ýakyn taryhynda amala aşyrylan iň bir uly ýitgili terror hüjümi hökmünde taryha girdi. Anders Breýwikiň işi boýunça suduň hökümi 24-nji awgustda geçiriljek sud prosesinde yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG