Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki sil heläkçiligi bilen bagly üç resmi tussag edildi


Ýakynda sil heläkçiligi ýüz beren Orsýetiň Krasnodarsk oblastynyň Krymsk raýonynyň ýolbaşçysy Wasiliý Krutko we Krymsk şäheriniň meri Wladimir Ulanowskiý ýekşenbe güni tussag edildi.

Mundan daşary, bu şäheriň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça duýduryş komitetiniň başlygy Wiktor Ždanow hem ýekşenbe güni tussag astyna alyndy.

Orsýetiň häkimiýetleri bu resmileriň tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşykly öz resmi borçlaryny ýerine ýetirmändikleri üçin tussag edilendiklerini aýdýarlar.

Şu aýyň başynda Krymsk raýonynda ýüz beren şol güýçli sil heläkçiliginde 170-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG