Sepleriň elýeterliligi

Un-çörek meselesi henizem çynlakaý mesele


Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki söwda bazarynda elde bişirilen çörekleriň satylýan bölegi. Maý, 2012.

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki söwda bazarynda elde bişirilen çörekleriň satylýan bölegi. Maý, 2012.

Şu günler Türkmenistanda döwlet harmanyna bugdaý tabşyran daýhanlar bilen hasaplaşyk geçirilýär. Ýöne hasaplaşykda alynýan girdejilerden käbir gallaçylar özleriniň hoşal däldigini aýdýarlar.

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyndan bir kärendeçi gallanyň her tonnasyny döwletiň 400 manatdan satyn alýandygyny, emma töleg edilende, her tonnanyň bahasynyň 200 manada çenli aşaklaýandygyny aýdýar. Ol munuň sebäbini suw, dökün, tehniki hyzmatlar ýaly birgiden zatlar üçin tölenmeli puldan 50 prosentine golaýynyň alnyp galynýandygy bilen düşündirýär.

Bu ýerli daýhan öz eklenji ýere bagly bolan daýhanlaryň şeýle ujypsyzja girdeji bilen eklenç etmekleriniň örän kyndygyny belleýär.

Munuň üstesine, ýakynda Türkmenistanda unuň we çörek önümleriniň bahasy-da görnetin ýokarlandy. Ýurduň häkimiýetleri munuň sebäpleri barada ilata anyk düşündiriş bermeýärler.

Türkmenistanda un-çörek gymmatlaly bäri geçen gysga döwrüň içinde nähili özgerişlikler boldy? Bu ýagdaý halkyň gündelik durmuşyna we beýleki azyk önümleriniň bahasyna nähili täsir etdi?

Şu meseleler bilen baglanyşykly Tegelek Stol gepleşigine Aşgabatdan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, žurnalist Aşyrguly Baýryýew we Şwesiýadan Türkmenistanyň ozalky parlament deputaty Halmyrat Söýünow dagylar gatnaşýarlar.

Şu temadan geçirilen Tegelek Stol gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG