Sepleriň elýeterliligi

Owganystan Pakistanyň atýan artilleriýa oklaryna gahar bildirýär


Duşenbe güni owgan hökümeti Pakistanyň harby güýçleriniň Owganystanyň serhet ýaka raýonlaryna artilleriýa oklaryny atmaklaryny dowam etdiren halatynda, munuň iki ýurduň gatnaşyklaryna zyýan ýetirjekdigi bilen duýduryş berdi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan bu beýanatynyň öňýany anna we şenbe günleri Pakistan tarapyndan Kunar welaýatynyň territoriýasyna atylan snarýad oklaryndan azyndan dört adamyň ölendigi habar berildi.

Kunar welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Wasifullah Wasifi bu welaýatyň Dangam etrabyna soňky iki günüň dowamynda 300-den gowrak artilleriýa okunyň atylandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG