Sepleriň elýeterliligi

Yragyň dürli şäherlerinde bir günde 90 töweregi adam öldürildi


Duşenbe güni Yragyň hökümet resmileri Bagdatda we käbir beýleki şäherlerde bolan atyşyklarda jemi 90 töweregi adamyň ölendigini mälim etdiler.

Duşenbe güni bir wagtyň özünde diýen ýaly Yragyň demirgazyk şäherleri bolan Duluýah, Taji, Saadiýah, Kan Beni Sad, Kirkuk, Tuz Hurmatu we Dibis şäherlerinde ýaragly söweşijiler harby obýektlere we howpsuzlyk işgärlerine garşy hüjüm edipdirler.

Ýöne bu hüjümleriň kimler tarapyndan amala aşyrylandygy häzirlikçe belli bolman galýar. Mundan ozal şular ýaly käbir hüjümleriň jogapkärçiligini Al-Kaýdanyň Yrakdaky toparlary öz üstlerine alypdylar.
XS
SM
MD
LG