Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasy Siriýanyň prezidentine pena bermekligi teklip edýär


Duşenbe güni Arap Ligasy Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň wezipesinden çekilen ýagdaýynda, oňa we onuň maşgalasyna ýurtdan “howpsuz çykmak” üçin mümkinçilik bermekligi teklip etdi.

Bu barada Arap Ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Katarda geçirýän maslahatynda karar edildi. Emma Arap Ligasynyň Baş sekretary Nabil Elarabi bu gelnen kararyň jikme-jikligi barada maglumat bermedi.

Arap Ligasynyň bu maslahatynda Siriýadan goňşy ýurtlara bosup çykan bosgunlara 100 million dollar möçberinde ýardam bermekligiň hem karar edilendigi habar berilýär.

Bu wakanyň fonunda Siriýanyň Damask we Aleppo şäherlerinde oppozision ýaragly söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky gazaply çaknyşyklar ýene dowam etdi.
XS
SM
MD
LG