Sepleriň elýeterliligi

Howpsuzlyk aladalary TOPH proýektini togtatmaýar


Hindistanyň nebit we gaz ministri M. Deopra (çepden) we Pakistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň prezidentleri A. Zardari, G. Berdimuhamedow we H. Karzaý şertnama gol çekenlerinden soň. 11/12/2010.

Hindistanyň nebit we gaz ministri M. Deopra (çepden) we Pakistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň prezidentleri A. Zardari, G. Berdimuhamedow we H. Karzaý şertnama gol çekenlerinden soň. 11/12/2010.

Howpsuzlyk töwekgelliklerine garamazdan, Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Hindistana çekilmekçi bolýan gaz geçirijisi babatda ilerlemeleriň dowam edýändigi aýdylýar.

Jeýms Brazier bilen Andrýu Neffiň Jeýniň maglumat topary tarapyndan harby maglumatlar esasynda çap edilýän “Jane's Intelligence Review” žurnalynda ýazmagyna görä, bu taslama berilýän halkara goldaw öz netijelerini berip başlapdyr.

Owganystanyň üstünden geçiriji gurmak konsepsiýasy 1989-njy ýylda sowet goşunlary Owganystandan çykarylyp, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan soň, Merkezi Aziýanyň ummasyz uly mukdardaky tebigy resurslaryny Günorta Aziýanyň ösýän ykdysadyýetine birikdirmek baradaky sagdyn pikir-niýetden uç alypdy.

Ýöne, 1990-njy ýyllarda Owganystanyň graždan urşy ýagdaýyna düşmegi, Türkmenistan bilen Pakistany bir-birine baglamaly geçirijiniň gurluşygyny amala aşyryp bolmajak bir teklip halyna saldy.

Dört hökümetiň bilelikdäki goldawy

Emma muňa garamazdan, bilermenleriň harby maglumatlar esasynda gelen netijelerine görä, bu iş bilen ilteşikli dört ýurduň hökümetleriniň bilelikdäki goldawy TOPH proýektiniň ýol almagyna belli bir itergileri berip başlapdyr.

“Jane's Intelligence Review” žurnalynda çap edilen synda 1735 km uzynlykdaky geçirijiniň hakykatdan hem gurulmagy ugrunda görnetin öňegidişligiň gazanylandygy aýdylýar.

Bilermenler Türkmenistanyň “Galkynyş” (ozalky Günorta Ýolöten-Osman) gaz ýatagyndaky gaz ätiýaçlyklarynyň mukdarynyň garaşsyz audit esasynda tassyklanmagynyň, netijede Türkmenistanyň hökümetiniň TOPH üçin ýeterlik gaz berip biljeginiň belli bolmagynyň bu proýekte ullakan itergi berendigini öňe sürýärler.

Hut şu ýagdaý hem 2010-njy ýylda dört ýurduň arasynda çarçuwalaýyn şertnama gol çekilmegine getirdi diýip, synda bellenýär.

Soňky on ýylda TOPH proýektiniň müdirligi hökmünde hereket eden Aziýa ösüş banky, 2012-nji ýylyň maýynda gaz üpjünçiligi we onuň söwdasy baradaky şertnama formal taýdan gol çekilmegini gutlap, ony “görlüp-eşidilmedik hyzmatdaşlygyň hakyky taryhy pursaty” diýip atlandyrdy.

Ýöne bilermenler bu işi amala aşyrmagyň öňünde duran esasy kynçylyklaryň biriniň oňa çykarylmaly serişde bilen baglydygyny aýdýarlar.

Taslamanyň gowşak we güýçli taraplary

Hasaplamalara görä, 2014-nji ýylyň aýagynda gurlup başlanmaly TOPH geçirijisiniň gurluşygy 10-12 milliard amerikan dollary aralygyndaky serişdä düşmeli. Onsoň, geçjek ugry nazara alnanda, Owganystandaky, şonuň bilen birlikde hem Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýlary zerarly, bu işi maliýeleşdirmek meselesi proýektiň gowşak taraplarynyň biri bolmagynda galýar.

Ýöne ikinji tarapdan, TOPH Birleşen Ştatlaryň berk syýasy goldawyna daýanýar. Onsoň, Birleşen Ştatlaryň ýarany bolan NATO Owganystandaky howpsuzlyga 2014-nji ýyla çenli, ýagny ol ýerdäki goşunlaryň köpüsi çykarylýança kepil geçýär.

Bu geçiriji Waşingtonyň regional basdaşlar bolan Hindistan bilen Pakistanyň strategiki bäsdeşligini gowşatmak üçin işlenip düzülen “Täze ýüpek ýoly strategiýasynyň” özenini düzýär.

Birleşen Ştatlar, umumy infrastraktura özara daýanjy goldamak bilen, hindi-pakistan bäsdeşliginiň duşmançylygyny, şol bir wagtda olaryň Owganystana täsir ugrundaky basdaşlygyny azaltmaga umyt baglaýar.

Birleşen Ştatlaryň TOPH geçirijisini goldamagynyň ýene bir sebäbi bolsa, Türkmenistana öz eksport partnýorlaryny köpeltmäge we Orsýetden garaşlylygyny azaltmaga kömek bermekden ybarat diýip, Jeýms Brazier bilen Andrýu Neff ýazýar.

Bilermenleriň pikirine görä, TOPH geçirijisiniň bu işe goşulan ýurtlara ullakan ykdysady we energiýa girdejilerini getirmek ähtimallygy bar, ýöne bu diňe oňa gatnaşýan ýurtlar proýektiň arkasyndaky tutumlary durmuş ýüzüne geçirip bilen ýagdaýynda mümkin bolar.

Esasy alada 2014-nji ýyldan soňky Owganystanyň ykbaly, ýagny bu ýurduň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň köp bölegi çykarylandan soňky ýagdaýy bilen bagly.

Karzaýyň hökümetiniň gowşaklygy, korrumpirlenen we synagdan geçmedik guramalar, soňky on ýylda hakyky köp partiýaly sistemanyň döredilip bilinmezligi bu ýurtdaky syýasy ýagdaýyň durnuklylygy babatda bir topar sorag döredýär.

“Talyban” 2014-nji ýyla çenli ýeňiljege meňzemeýär we ahyrynda Owganystanyň günortasynda, TOPH-yň geçmeli ýerinde iş ýüzünde bir döwlet gurmak pozisiýasynda bolup biler diýip, “Jane's Intelligence Review” žurnaly ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG