Sepleriň elýeterliligi

Kanun: Türkmen pasporty daşary ýurtlarda-da täzelenip bilner


Türkmen pasporty, 14-nji iýul, 2008.

Türkmen pasporty, 14-nji iýul, 2008.

Ýigrimi ýaşyndaky Aýbölek (ady howpsuzlyk aladalary sebäpli üýtegeildi) 10 ýyl gowrak mundan öň, çaga wagty ene-atasy bilen Türkmenistandan daşary ýurda göçüp, Ýewropada mekdebi tamamlapdyr.

Ol Azatlyk Radiosyna telefon edip, özi ýaly daşary ýurtda okaýan ýa işleýän, şol bir wagtda türkmen raýatlygyny saklamak isleýän türkmenistanlylaryň raýatlyk hukuklary bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.

Aýbölek öz ene-atasynyň bireýýäm daşary ýurt raýaty bolandygyny, emma ozüniň hiç bir ýurduň raýaty däldigini we türkmen raýatlygyny almak isleýändigini aýdýar.

Eýsem Aýbölek ýaly saý-sebäp bilen daşary ýurtlara düşen türkmenistanlylar öz dogduk ýurtlaryndaky raýatlyk hukuklaryny nädip saklamaly? Türkmen raýatlygy bilen bagly şu we beýleki ýagdaýlar barada türkmen kanunlarynda näme aýdylýar?

Azatlyk Radiosynyň bu baradaky soraglaryna hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew jogap berdi.

Azatlyk Radiosy: SSSR dargap, öňki sowet respublikalary özbaşdak ýurt bolandan soň, Türkmenistan hem öz raýatlygyny girizdi. Ýurduň 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Konstitusiýasynda Türkmenistanyň öz graždanlygynyň bardygy aýdylýar. Siz esasy kanundaky raýatlyga dahylly düzgün-kadalar barada anygrak gürrüň berip bilmezmisiňiz?

Aşyrguly Baýryýew: Hawa, Baş kanunymyzyň 7-nji maddasy esasynda Türkmenistanyň raýatlygy girizildi. Şol maddada kepillendirilişi ýaly, graždanlyk her bir adama kanuna laýyklykda berilýär, kanuna laýyklykda saklanylýar hem-de ýitirilýär.

“Hiç kimi graždanlygyndan mahrum etmek ýa graždanlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum etmek bolmaýar” diýlip hem şu maddada kesgitlenendir.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň hiç bir graždanyny özge döwletiň eline bermek ýa-da Türkmenistanyň çäginden kowup çykarmak, ýa onuň öz ýurduna erkin gaýdyp gelmek hukugyny çäklendirmek gadagandyr.

Döwlet Türkmenistanyň territoriýasynda-da, onuň çäginden daşarda-da öz raýatlaryny goramaly hem olara penakärlik etmeli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda Konstitusiýa kabul edileninden soň oňa azyndan 5 gezek üýtgetmeler, düzedişler, goşmaçalar girizildi. Şol üýtgetmelerde raýatlyga dahylly nähili düzediş ýa goşmaça bar?

Aşyrguly Baýryýew: Türkmenistanyň esasy kanunyna 2003-nji ýylda “Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär” diýen düzgün girizildi. Şoňa çenli Konstitusiýanyň özünde iki raýatlylyk ýa köp raýatlylyk hakynda hiç hili hukuk düzgüni, kadasy ýokdy.

Ýöne “Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky” kanunyň 9-njy maddasy “Goşa raýatlylyk” atlandyrylyp, oňa ýol berilýändigi kepillendirilýär (Bu kanun 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda kabul edilipdi). Şol madda laýyklykda, tä esasy kanuna bu babatda üýtgetme girizilýänçä, türkmenistanlylar hem türkmen raýatlygyna, hem esasan Orsýet federasiýasynyň raýatlygyna eýe bolup geldiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmen raýatlygy nähili ýagdaýlarda saklanyp, nähili ýagdaýlarda ýitirilip bilinýär?

Aşyrguly Baýryýew: Bu sowala Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky kanuna salgylanyp jogap bersem dogry bolar. Bu kanun, ozal hem belleýşimiz ýaly, 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda kabul edilip, oňa 2003-nji ýylyň 14-nji iýunynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Ine, şu kanunyň 3-nji maddasy esasynda, SSSR-iň raýatlary bolup gelen türkmenistanlylar, awtomatiki suratda Türkmenistanyň raýatlary diýlip ykrar edildi. Olara täze, ýaşyl reňkli türkmen pasporty berilýänçä bolsa, ellerindäki gyzyl reňkli sowet pasportlary güýjünde galdyryldy.

Pasportuny dürli sebäplere görä çalşyp bilmedikler häzirem azda-kände duş gelýär. Raýatyň başga döwletiň territoriýasynda ýaşap ýörmegi Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegine getirip bilmez. Her bir raýat öz erk-islegi bilen raýatlygyny üýtgedip bilýär we her kimiň diňe özi Türkmenistanyň raýatlygyndan el çekmäge hukukly.

Azatlyk Radiosy: Türkmen raýatlygy nähili ýagdaýlarda ýitirilip bilner, şu barada has anygrak aýdyp bilmezmisiňiz?

Aşyrguly Baýryýew: Eger Türkmenistanyň raýaty başga döwletiň raýatlygyny alsa, başga ýurtda harby we howpsuzlyk gullugyna, polisiýa we adalat edaralaryna ýa-da häkimiýetiň beýleki edaralaryna işe dursa, onuň türkmen raýatlygy ýitirilýär.

Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa girmeýär. Eger Türkmenistanyň graždanlygynyň görnetin galp maglumatlar, galplaşdyrylan dokumentler esasynda alnandygy ýüze çykarylsa, şeýle ýagdaýda hem raýatlyk ýitirilýär.


Aşyrguly Baýryýew: Maňa Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň pasport edarasynyň maýor derejeli jogapkär işgäriniň düşündirmegine görä (ol, elbetde, pasport bermek baradaky kanuna, şonuň ýaly-da pasport bermek düzgünnamasyna salgylandy), şol kanun kabul edileninden soň, ene-atasy şu döwletiň raýaty hökmünde Türkmenistanda birnäçe ýyl ýaşap, soňra giden bolsa, olaryň ýany bilen giden çagalary kämillik ýaşyna ýetip, başga ýurduň raýatlygyny almadyk bolsa, ol şeýle hukukdan, ýagny Türkmenistanyň raýatlygyny almak hukugyndan peýdalanyp bilýär.

Eger ol kämillik ýaşyna ýetip, ene-atasy bilen daşary ýurtda ýaşap ýören bolsa, Türkmenistanyň pasportuny almak üçin Türkmenistanyň şol ýurtdaky ilçihanasyna ýa konsulhanasyna ýüz tutmaly, talap edilýän dokumentleri tabşyrmaly.

Şondan soň onuň arzasy, dokumentleri bilen birlikde, Türkmenistana iberilip, Daşary işler ministrligine gowşurylyp, şonuň üstündenem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde pasport doldurylyp, ýene-de yzyna, ilçihana iberilmeli we eýesine gowşurylmaly.


Ýene bir zady sözümiň üstüne goşaýyn, eger-de şol pasport almak isleýän şahsyň ýaşaýan ýurdunda Türkmenistanyň ilçihanasy ýa konsulhanasy ýok bolsa, onda ol golaýdaky ýurtda ýerleşýän ilçihanamyza ýüz tutmaly.
Azatlyk Radiosy: Täze Migrasiýa kanunyndan görnüşine görä, okuw, iş meselesi bilen daşary ýurtlara gidip, şol ýerde türkmen pasportlarynyň sahypalary dolan türkmenistanlylar daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynda pasportlaryny täzeläp bilmeli. Şol bir wagtda, daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynyň käbiri özlerine şeýle mesele bilen ýüz tutan raýatlaryň käbirine entek bu praktikanyň işe girizilmändigini aýdypdyrlar. Eýsem indi türkmen raýatlary hem ilçihanalaryň üstünden öz pasportlaryny täzeläp bilerlermi, olarda şeýle hukuk barmy?

Aşyrguly Baýryýew: Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurtda ýaşamagy, uzak möhletleýin ýaşamagy-da, onuň raýatlygyny ýitirmegine getirip bilmeýär. Ozalam belläp geçişimiz ýaly, ony hiç kim raýatlygyndan mahrum edip bilmeýär.

Eger-de ol başga ýurduň raýatlygyny almadyk bolsa, elinde-de türkmen pasporty bar bolsa, onda şol pasport ilçihanalaryň, konsulhanalaryň üsti bilen çalşyrylmaly, türkmen raýatynyň şuňa hukugy bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG