Sepleriň elýeterliligi

“Ýaş alymlar geňeşini” işletmek hakynda maslahat edildi


Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň baş binasy

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň baş binasy

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda iki ýyl mundan öň döredilen “Ýaş alymlar geňeşini” doly güýjünde işletmek hakynda maslahat edildi. Şol maslahatda ýaşlaryň ylmy mümkinçiligini “Ýaş alymlar geňeşinde” bir ýere jemlemegiň döwlet derejesinde göz öňünde tutulýandygy bellenýär.

Şol ýygnakda bizden beýleki Orta Aziýa döwletleriniň Ylymlar Akademiýalarynyň ýörite öz saýtlarynyň bardygy bellenip, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýörite saýtynyň bolmazlygy kompýuterden, onuň çylşyrymly programmalaryndan kämil baş çykaryp bilýän zehinli ýaş alymlarymyzyň ýoklugy bilen düşündirilýär.

“Täze açyljak tehnologiýalar merkezinde işläp biljek, Türkmenistanda häzire çenli asla ýok ýa az sanly biohimiýa, biofizika, biometriýa, ösümlikleriň morfologiýasy, sitologiýasy, kompýuter programmaçysy, nanotehnologiýa ýaly ugurlar boýunça ylmy hünärmenleri gysga wagtda taýýarlamak wezipesi wajyp” diýip, çykyş eden ylmy ýolbaşçylaram, halypa alymlaram aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýolbaşçylary ýaşlardan ökde hünärli, ömrüni ylma bagyş etmäge taýyn deň-duşlaryny ylma getirmäge ýardam etmegi soraýarlar. Şol sebäpli daşary ýurtda ýokary okuw jaýlarynda okuwyny tamamlan ýaşlarymyz işe ýerleşmek üçin Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň “Ýaş alymlar geňeşine” ýüz tutmaly. Işe girjek ýaş hünärmen Bilim institutynyň ýörite bellenen döwlet toparynda synagdan geçip, daşary ýurtda alan diplomyny tassyklatsa, onuň işe girmegi has ýeňil bolar.

Ýöne öz alan hünärini kämil bilýändigine göwni ýetýän ýaşlarymyz diplomyny tassyklatmazdan hem işe ýerleşip bilerler, çünki häzir hökümetiň öňde goýan talaby boýunça ýurdumyzyň ylym-bilim edaralary ylymly ýaşlara örän mätäç.

Ýaşlarymyzyň işe ýerleşmegi, hatda daşary ýurtda alan diplomlaryny tassyklatmak boýunça hem ýurdumyzda hereket edýän býurokratik düzgünler bilen bagly garaşylmadyk kynçylyklaryň döremegi mümkin, ýöne şeýle ýagdaýda hem ýaşlarymyz ykbalyny durmuşyň eline bermän, gaýduwsyzlyk bilen öz hak-hukuklaryna eýe çykyp, işe ýerleşmegi niýet edinen bolsalar, olaryň emeli döredilen kynçylygy ýeňip, işe ýerleşjekdiklerine pugta ynanýaryn.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG