Sepleriň elýeterliligi

Londonda ýewreý sportsmenleriniň ölüminiň hatyrasy tutuldy


Duşenbe güni Londonyň olimpiada şäherçesinde 1972-nji ýylyň Mýunhen olimpiadasynda öldürilen ysraýylly sportsmenleriň we trenerleriň ölüminiň 40 ýyllygyna gabatlap, ýörite ýatlama çäresi geçirildi.

Bu çärä köpsanly resmiler we sportsmenler bilen birlikde Halkara Olimpiada Komitetiniň prezidenti Žak Rogge hem gatnaşdy.

1972-nji ýylda Mýunhende geçen Olimpiadanyň ikinji hepdesinde palestinaly 8 sany söweşiji olimpiada lagerine girip, ysraýylly sport delegasiýasynyň agzalaryny zamun alypdylar.

Şol günüň ertesem olar bu zamun alnan 11 adamy atyp öldüripdiler. Şowsuz geçirilen halas ediş operasiýasynda ýaragly söweşijileriň bäşisi atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG