Sepleriň elýeterliligi

“Pussy Riot” toparynyň agzalaryna garşy sud işi başlanýar


Duşenbe güni Moskwanyň sudy “Pussy Riot” atly topara agza üç gyza garşy huligançylykda bildirilýän aýyplamalar boýunça sud diňlenişiginiň geljek hepdäniň duşenbe güni başlanjakdygyny mälim etdi.

Geçen hepdäniň anna güni Moskwanyň sudy bu üç gyzyň wagtlaýyn tussaghanada saklanmak möhletini ýene alty aý uzalmak barada karar çykarypdy.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary Nadežda Tolokonnikowa, Ýekaterina Samusewiç we Mariýa Alýohina şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.

Orsýetiň prokuraturasy olary prawoslaw hristianlaryň duýgusyna “çuňňur ruhy ýara salanlykda” aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG