Sepleriň elýeterliligi

Global konferensiýa AIDS-e garşy tagallalary güýçlendirmäge çagyrýar


AIDS 2012 konferensiýasynyň açylyş dabarasynda, Waşington D.C, 2012-nji ýylyň 22-nji iýuly.

AIDS 2012 konferensiýasynyň açylyş dabarasynda, Waşington D.C, 2012-nji ýylyň 22-nji iýuly.

Soňky 30 ýylyň dowamynda 30 milliona golaý adamyň ölümine sebäp bolan AIDS/WIÇ infeksiýasyna garşy göreş boýunça iň uly halkara konferensiýasy Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşingtonda öz işine başlady.

Bütindünýa bankynyň prezidenti Jim Ýong Kim 22-nji iýulda eden çykyşynda bu kesele garşy göreşde gazanylan üstünlikler barada aýdyp, şeýle diýdi: "Men Bütindünýa bankynyň hemmäňiz bilen bilelikde bu keseli ýeňýänçä AIDS-e garşy göreşmek meýiliniň bardygyny aýdasym gelýär".

Şeýle hem Jim Ýong Kim AIDS-e garşy göreşiň tejribeleriniň garyplyga garşy göreşde ulanmaga çagyryş etdi.

Bu konferensiýa wide ýazgy arkaly ýüzlenen BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun hem özleriniň öňde goýýan maksatlary barada aýdyp, şeýle diýdi: "Maýkl Sidibeniň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň AIDS-e garşy göreş boýunça gullugy syýasy hereketleri bu işe gönükdirmegini dowam etdirer. Biz WIÇ infeksiýasynyň, AIDS bilen bagly ölümleriň, hiç bir kemsitmeleriň bolmagyny islemeýäris. Şu hepde siz bu meseläniň çözülmegine ýardam berip bilersiňiz. Geliň, şu günden başlap, AIDS-iň soňuna çykalyň".

BMG-niň AIDS-se garşy göreş boýunça agentliginiň ýolbaşçysy Maýkl Sidibe bu kesele garşy göreşmek üçin ýylda zerur bolan 16.8 milliard dollara barabar serişdäni ýygnap bolmaýandygyny, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin henize çenli 7 milliard dollaryň ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

Bu konferensiýanyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun AIDS, inçe kesel, malareriýa ýaly ýokanç kesellere garşy göreş boýunça global fondunyň öňki ýolbaşçysy Mihail Kazatskini BMG-niň WIÇ/AIDS-e garşy göreş boýunça Gündogar Ýewropadaky hem Merkezi Aziýadaky ýörite wekili hökmünde belledi.

Bu region WIÇ infeksiýasynyň çalt depgin bilen ýaýraýan ýeri hasaplanýar. Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada 2005-nji ýyldan bäri bu infeksiýa uçran adamlaryň sanynyň 22% ýokarlanandygy habar berilýär.

Bu regionda bir ýarym million adamyň ganynda WIÇ infeksiýasynyň bardygy, 2011-nji ýylda bu kesele ýolugan adamlaryň sanynyň 170 müňe barabardygy aýdylýar.

Ban Ki-mun bu regionda infeksiýanyň ýaýramagynyň ýokarlanmagynyň keseliň oňüni almak boýunça çareleriň berkidilmelidigini aňladýandygyny aýtdy.

AIDS-e garşy göreş meseleleri boýunça alty gün dowam etmeli bu konferensiýa 25 müňe golaý aktiwist, alym hem syýasatçy gatnaşýar. Bu halkara konferensiýasy 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ABŞ-da geçirilýär.

WIÇ infeksiýasyna hem AIDS-e uçran aýallaryň Halkara jemgyýetiniň agzasy Annah Sango bu keseliň aýallara ýetirýän ýaramaz täsirine aýratyn üns çekdi.

"Biz dünýäde WIÇ infeksiýasyna uçran adamlaryň ýarysyndan gowragynyň aýallardygyny bilýäris. Çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýallaryň ölümine sebäp bolýan keselleriň hatarynda WIÇ infeksiýasy ilkinji orny eýeleýär. 2012-nji ýylda WIÇ infeksiýasynyň epidemiýasy aýal şekiline eýe boldy" diýip, Sango aýtdy.

Şeýle hem, WIÇ infeksiýasyna we AIDS-e uçran aýallaryň Halkara jemgyýetiniň agzasy Annah Sango özleriniň bu meselä çynlakaý çemeleşmegi üçin bu kesele garşy alnyp barylýan göreşi özgertmegiň zerur boljakdygyny nygtady.

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, häzir dünýä boýunça bu kesele uçran adamlaryň sany 34.2 million adama baryp ýetipdir.

Şu hepdäniň ahyrynda Waşingtondaky konferensiýada AIDS keselini bejermek boýunça geçirilen täze barlaglar barada gürrüň edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG