Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senet soltany Kamiljan eke ýatlanylýar


Meşhur özbek aýdymçysy, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Garagalpagystanyň we Tatarystanyň halk artisti Kamiljan Atanyýazow. Arhiw suraty.
Meşhur özbek aýdymçysy, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Garagalpagystanyň we Tatarystanyň halk artisti Kamiljan Atanyýazow. Arhiw suraty.
Merkezi Aziýanyň doganlyk halklarynyň beýik aýdymçysy Kamiljan Atanyýazowyň dünýä inenine şu tomus 95 ýyl boldy. Bu baýrama özbek halky şu ýylyň başyndan bäri taýýarlyk görüp geldi.

Kamiljan Atanyýazowyň özbeklerde bolşy ýaly, türkmenleriň we garagalpaklaryň, şol sanda gazaklaryň arasynda-da örän uly abraýy bar. Bu aýdymçy ýakymly sesi hem ussat sazandalygy bilen Aral sebitindäki dürli halklaryň arasynda meşhurlyk gazanypdy. Türkmen, özbek, garagalpak hem gazak halklary ony öz aýdymçysy hasap edýär.

Kamiljan Atanyýazow esasan Horezm ýolundan aýtsa-da, ol goňşy halklaryň sungatyna, aýratyn-da, türkmen aýdym-saz sungatyna aýratyn sarpa goýdy. Ol türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ençeme aýdym döretdi.

Türkmeniň adyny dabaralandyrdy

Magtymgulynyň eserleri K.Atanyýazowyň ýakymly owazynda goňşy halklaryň arasyna-da ýaýrady we şahyryň gadyr-gymmatyny bü illere aýan etdi. Kamiljan Atanyýazow Keminäniň hem Mollanepesiň goşgularyna-da aýdymlar aýtdy. Şeýle hem, ol “Saýatly-Hemra”, “Şasenem-Garyp” we “Zöhre-Tahyr” dessanlaryndan iň gowy nusgalary goňşy halklara ýaýmagy başardy.

Özbek sowet ensiklopediýasynyň ýazmagyna görä, Kamiljan Atanyýazow 1917-nji ýylyň 20-nji iýulynda Horezm welaýatynyň Şabat etrabyndaky Boýraçy obasynda dünýä inipdir.

Ol belli özbek aýdymçysy, sazandasy (tarçy) hem mukamçy kompozitory hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Ol Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Garagalpagystanyň hem Tatarystanyň halk artistidir. Ol horezm aýdym-saz ýolundan tälim aldy.

Wideo: Kamiljan Atanyýazowyň aýtmagynda “Aşyk bolmuşam” diýen aydym

Sazçylyk bilimi barada aýdylanda, Kamiljan Atanyýazow Daşkentdäki Hamza adyndaky sazçylyk bilim Öýünde we Daşkent Döwlet konserwatoriýasynda sapak alýar. Horezmdäki dürli teatrlarda, şol sanda, 1967-nji ýylda Daşoguz oblast teatrynda hem işleýär.

Ol diňe bir aýdym aýtmak we saz çalmak bilen çäklenmän, sazly drama teatrlarynda çykyş etdi hem ençeme sazly spektakllar üçin saz ýazmaga gatnaşdy.
Kamiljan Atanyýazow 1975-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Daşkent keselhanasynda aradan çykdy. Ony öz dogduk ýeri Boýraçy obasynda jaýladylar.

“Wremyany” togtadan aýdymçy

Beýik aýdymçynyň Türkmenistana gelip işlemeginiň sebäplerinden habarly adamlardan birem oba hojalyk ylymlary boýunca alym hem höwesjeň aýdymçy Ahmetjan Horezmi.

Ol: “67-nji ýylmydy ýa 66-nji ýylmydy, agşam sagat 10-da telewideniýede Moskwanyň ‘Wremýa’ programmasy başlanan wagty, ähli gepleşikler saklanyp, ‘Wremýa’efire berilýärdi. Şol gün ‘Wremýa’ başlamaly wagty Kamiljan Atanyýazowyň konserti gidip durdy. Atanyýazow aýdymyny gutarmanka, ‘Wremýa’ başlandy. Bir-iki minut geçip-geçmän, ýene Kamiljan eke aýdym aýdyp başlady. Soňra ýene ‘Wremýa’ efire gitdi. Soň Kamiljan eke konsertini dowam etdirdi” diýip, ýatlaýar.

Ahmetjan Horezmi bu bolan waka häkimiýetleriň göz ýummandyklaryny belläp, şeýle gürrüň berýär: “Şol wakadan soň satiriki ‘Muştum’ žurnalynda Kamiljan Atanyýazowyň karikaturasy çykdy. Belli aýdymçy ol suratda aýal eşiginde çekilipdir. Suratyň aşagynda bolsa ‘Özi erkek bolup, hatynlaryň goşgularyny aýdýar’ diýen ýazgy goýlupdyr. Ine, şondan soň kän wagt geçmän ol Özbegistandan Türkmenistana göçmeli boldy”.

Ýöne bu gysyşlara garamazdan, alym Ahmetjan Horezmi bu beýik aýdymçynyň jemgyýetdäki hormat-sylagynyň örän ýokary bolandygyny ýatlaýar.

“Meniňçe, 1973-nji ýyllarda bolsa gerek, professor Abdylla Sapaýew Özbegistanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzalygyna öz kandidaturasyny goýupdy. Şu mynasybetli ol Kamiljan Atanyýazowy, Akademiýanyň köp agzalaryny, akademikleri zyýapata çagyrdy. Şol oturylyşykda menem boldum. Kamiljan aga törde otyrdy, Artyk Atajanow onuň ýanyda tar çalýardy” diýip, alym Ahmetjan Horezmi gürrüň berýär.

Ol sözüni dowam etdirip: “Hemme akademikler aýdylan wagtda geldiler, ýöne Akademiýanyň prezidenti Abyt Sadykow wagtynda gelip bilmedi. Ol gijigip gapydan girende, törde oturan Kamiljan Atanyýazow akademiklere ýüzlenip, “turuň hemmäňiz, ylym patyşasy geldi” diýdi we özi-de ýerinden turmaga başlady. Ýöne bir eli, bir aýagy ýagşy işlemänsoň, ol biri turuzmasa, ýerinden turup bilmeýärdi. Şonda Abyt Sadykow ýüwürip geldi-de, ‘siz oturyň, turmaň, ylym patyşasy kim bolupdyr senet soltanynyň alnynda’ diýdi” diýip, özbegistanly alym Ahmetjan Horezmi ýatlaýar.
XS
SM
MD
LG