Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa öz halkyna garşy himiki ýarag ulanmajagyny aýdýar


Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad Makdissi Damaskda gurnalan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. 23- nji iýul, 2012.
Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad Makdissi Damaskda gurnalan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. 23- nji iýul, 2012.
Duşenbe güni Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad Makdissi bu ýurduň hökümetiniň diňe daşardan gelýän “agressiýa” garşy himiki ýaraglary ulanyp biljekdigini aýtdy.

Damaskda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda Jihad Makdissi Siriýanyň hökümetiniň bular ýaly ýaraglary hiç bir ýagdaýda we hiç haçan ýurduň öz raýatlaryna garşy ulanmajakdygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol ýurtda dowam edýän konfliktlere garamazdan, Siriýanyň himiki ýarag ammarlarynyň harby güýçleriň berk goragy astynda saklanýandygyny belledi.

Onuň bu çykyşyndan bir gün öň Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň islendik bir resmisiniň himiki ýaraglary ulanmaklyga het eden halatynda, ony jogapkärçilige çekjekdigi bilen duýduryş beripdi.

Ýöne, beýleki tarapdan, Siriýa şu çaka çenli özünde himiki ýaraglaryň bardygyny-da hiç haçan resmi ýagdaýda boýun almandy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Wilýam Heýg Siriýanyň resmisiniň duşenbe güni eden beýanaty barada durup geçip: “Munuň özi Siriýanyň režiminiň özüni daşarky agressiýanyň pidasy hasaplamagy bilen baglanyşykly düýpli illýuziýasy bolup durýar. Hakykat ýüzünde ýurtdaky bolýan wakalar olaryň öz halkynyň döwletiň zamun syýasatyna garşy aýagy galmasyndan başga hiç zat däl” diýip, belledi.

Duşenbe günki eden çykyşynda Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad Makdissi Arap Ligasynyň prezident Başar al-Assadyň wezipesinden çekilen halatynda onuň özüniň we maşgalasynyň “howpsuzlygyny üpjün etmek” baradaky teklibini-de Siriýanyň hökümetiniň ret edýändigini aýtdy.

Ol Damaskdaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň kem-kem gowulaşýandygyny we ýakyn birnäçe günüň dowamynda ýagdaýyň doly kadalaşjakdygyny öňe sürdi.

Bu wakanyň fonunda bolsa, duşenbe güni Siriýanyň Damask we Aleppo şäherlerinde oppozision ýaragly söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky gazaply çaknyşyklar ýene dowam etdi.

Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça Londonda iş alyp barýan gurama 2011-nji ýylyň martyndan bäri Siriýada dowam edýän gozgalaňlaryň barşynda 19 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG