Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda NATO-nyň ýük ulaglaryna hüjüm edildi


Pakistanyň demirgazygynda NATO-nyň Owganystandaky esgerlerine üpjünçilik serişdelerini daşaýan ýük maşynlaryna ýaragly topar hüjüm etdi.

Sişenbe güni Khyber tire-taýpalar sebitiniň Jamrud şäheriniň golaýynda bolan bu hüjümde ulagyň bir sürüjisi öldi we ýene-de biri ýaralandy. Resmileriň berýän maglumatyna görä, söweşijiler motosikletde hüjüm edip, soňra wakanyň bolan ýerinden gaçypdyrlar.

Geçen ýylyň noýabrynda Pakistan NATO-nyň ýük ulaglary üçin özüniň serhedini ýapandan soň, üç hepde mundan ozal Yslamabat şol marşrut ýollaryny ýaňadandan açypdy. Pakistanyň “Talyban” hereketi NATO-nyň ýük ulaglaryna we olaryň sürüjilerine garşy hüjümleri amala aşyrjakdyklaryny duýdurypdylar.
XS
SM
MD
LG