Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: söweşijileriň hüjüminde ABŞ-nyň raýaty öldürildi


Owganystanda bolan hüjümde ABŞ-nyň raýaty we iki ýerli ýaşaýjy öldürildi. Berilýän maglumata görä, ABŞ-nyň raýaty Owganystanyň demirgazygynda ösüş programmalary boýunça iş alyp barypdyr.

Owgan resmileriniň we ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň beren informasiýasyna laýyklykda, ABŞ-nyň raýaty we iki ýerli ýaşaýjy Parwan welaýatynyň Ghorband jülgesinde ulagly barýan mahaly, olara hüjüm edilipdir.

Parwan welaýatynyň ýokary derejeli resmisi ABŞ-nyň raýatynyň elektrik inženeri bolup işländigini belledi.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili saýylýan Zabiullah Mujahid bu hüjümi talyp söweşijileriniň amala aşyrandygyny aýtdy.

Soňky aýlaryň dowamynda, Ghorband jülgesinde söweşijileriň hereketiniň ýaýbaňlanandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG