Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda geçirilen ýörite operasiýada azyndan 20 esger öldi


Täjigistanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň geçiren ýörite operasiýasynda azyndan 20 esger öldi we 25-e golaýy hem ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Täjigistandaky habarçysy maglumat berýär.

Mundan öň, operasiýada dokuz esgeriň ölendigi habar berlipdi. Olar ýurduň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisini öldürmekde güman edilýän topara garşy operasiýany amala aşyrypdylar.

Sişenbe güni Dagly-Badahşan regionunda geçirilen operasiýada ençeme söweşijiniň öldürlendigi, şeýle-de bäş owgan raýatynyň tussag edilendigi hem habar berilýär. Operasiýa söweş wertolýotlary hem gatnaşdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, operasiýa ozalky oppozisiýa komandiri Tolib Aýombekowy ele salmak üçin geçirilipdir. Onuň topary dynç günleriniň dowamynda ýurduň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň ýokary derejeli resmisi, general Abdullo Nazarowyň janyna kast etmekde gümän edilýär.
XS
SM
MD
LG