Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda 44 ýurduň wekili wizasyz galyp biler


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewyň permany esasynda, indi 44 ýurduň ýaşaýjylary Gyrgyzystanda 60 güne çenli wizasyz galyp bilýärler.

Bu kanun geçen aý ýurduň parlamenti tarapyndan hem ykrar edilipdi. 44 ýurduň arasynda Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Ýewropa Bileleşiginiň ähli 27 döwleti, ABŞ, Kanada, Meksika, şeýle-de Günorta Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň ençemesi bar.

Gyrgyz resmileriniň bellemegine görä, bu kanunyň üsti bilen ýurtda köpräk daşary ýurt turistlerini çekmek we ýurduň ykdysadyýetini galkyndyrmak maksat edilýär.
XS
SM
MD
LG