Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlary näderejede elýeterli?


Aşgabat, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, 12-nji dekabr, 2010
Aşgabat, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, 12-nji dekabr, 2010
Paýtagt Aşgabatda we onuň töwereginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň gurulmagy we täze etrapçalaryň döredilmegi bilen, şu günler şäheriň käbir regionlarynda köne jaýlar ýykylýar, käbir jaýlara bolsa ýykylmak howpy abanýar.

Paýtagtyň günortasynda ýykylýan köne jaýlar bilen bir hatarda, üstünden ýol geçýän täze hususy jaýlar hem sökülýär. Eýsem Aşgabatda ýaşaýyş jaýlar ilata näderejede elýeterli? Türkmenistanyň paýtagtynda jaýlaryň bahasy regiondaky beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende nähili tapawutlanýar?

Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän Nurjemal maşgalasynyň ýaşaýan hususy jaýynyň üç ýyl mundan ozal ýykylandygyny aýdýar.

Aşgabat, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, 12-nji dekabr, 2010
Aşgabat, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, 12-nji dekabr, 2010
“Biziň jaýymyzyň üstünden täze ýol geçmeli diýdiler. Şol sebäpden hem soňra jaýymyz ýykylyp, deregine maşgalamdaky adam sanyna görä şäheriň Parahat mikroraýonyndan üç otagly kwartira berdiler” diýip, 52 ýaşly Nurjemal gürrüň berýär.

Nurjemal ýykylan öýüniň deregine kwartira alan maşgalalara degişli, ýöne öýleri ýykylýanlaryň arasynda jaýsyz galýanlar hem bar. Köp halatlarda olaryň ellerinde şäher häkimliginiň talap edýän dokumentleri bolmaýar, käbir halatlarda bolsa, ýykylan jaýlarynyň deregine berlen kwartiranyň meýdany ujypsyz bolýar.

“Ýaşaýyş meýdançaňa görä kwartira berýärler. Ýaşaýyş meýdançamyz bolsa ujypsyz. Maşgalamda alty adam bar. Men näme etjegimi bilemok” diýip, özüni Sona diýip atlandyran Aşgabadyň günortasyndaky Nurberdi Pomma köçesinde öýi ýykylmaly bir pensioner aýal Azatlyk Radiosyna ýollan maglumatynda maşgala sanyna ýeterlik meýdançaly jaýyň berilmeýändigini, satyn almaga bolsa gurbunyň çatmaýandygyny belleýär.

Türkmenistanda näresmi maglumatlara görä, ortaça aýlyk $250-$300 hasaplanýar. Şeýle girdeji bilen ýaşaýyş jaýyny edinmekligiň Aşgabatda kyndygy aýdylýar.

Paýtagt Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň nyrhlary

Internet sahypalarynda ýerleşdirilen bildirişlerden çen tutulsa, Aşgabadyň 11-nji mikroraýonynda bir otagly kwartiranyň bahasy $37,000 durýar. Gaudan mikroraýonynda iki otagly kwartiranyň bahasy $55,000 diýlip görkezilipdir.

Aşgabadyň ýaşaýjylary kwartiralaryň bahalarynyň gitdigiçe ýokary galýandygyny aýdýarlar. Paýtagtda ilat arasynda “elitnyý” diýilip atlandyrylýan ýokary amatlyklary bolan kaşaň jaýlaryň gurluşygy has hem ýaýbaňlanýar. Bu jaýlardaky kwartiralaryň bahalarynyň beýleki jaýlaryňkydan has ýokarydygy bellenilýär.

Golaýda şol jaýlaryň birinde $230,000 durýan 200 kwadrat metrlik üç otagly kwartirany satyn alan bir ýaş telekeçi maşgala kwartiranyň bahasynyň 10%-ni töläp, onuň galan bahasy üçin banklaryň birinden kredit alandygyny aýdýar.

“Elitnyý” kwartiralar ilata elýeterli bolar ýaly döwlet tarapyndan käbir ýeňillikler hem edilýär diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy, garaşsyz synçy Amanmyrat Bugaýew nygtaýar.

“Ýaş spesialistlere şol ulgamda işlän möhleti bäş ýyla ýeten bolsa, onda 50% ýeňillik bilen berilýär. Eger ýaş spesialist özi höwes bildirse, onda şol jaýy doly bahasyna berýärler, bäş ýylada garaşyp durmazdan, ýöne ol doly bahasyny tölemeli, şol ýeňillik berlenok oňa”.

Şeýle ýagdaýda spesialistler ýurduň banklaryndan ýylyna 1% bilen 10-30 ýyllyk kredit alyp bilýär diýip, Bugaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Goňşy ýurtlardaky ýagdaý

Türkmenistan ýaly energiýa resurslaryna baý goňşy Gazagystanyň paýtagtynda we merkezi Almaty şäherinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň nyrhlary Aşgabat bilen deňeşdirilende gaty uly tapawut etmeýär.

Almatynyň ýaşaýjysy, 29 ýaşly Manşuk Asautaý döwlet býudjetinden hödürlenýän kwartiralaryň 1 kwadrat metriniň bahasynyň $300 durýandygyny aýdýar. Ortaça aýlyk haky Gazagystanda takmynan $300-$400 hasaplanýar.

“Ululygyna görä, iki otagly kwartiranyň bahasy $50,000-den $60,000-e çenli durýar” diýip, Asautaý aýdýar.

Ilatyň ortaça aýlyk haky $50-$70 hasaplanýan goňşy Täjigistanda bolsa paýtagtyň bir otagly ýönekeý kwartiralarynyň nyrhy $25,000-$30,000 durýar. Ýokary amatlyklary bolan kwartiralaryň bahasynyň bolsa $500,000-e baryp ýetýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG