Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Altyn Asyr” täze hyzmaty hödürläp başlady


Ýurtda ýeke-täk mobil aragatnaşygyny hödürleýän kärhananyň işindäki bu özgerişlikler ýakyn wagtda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň türkmen bazaryna dolanyp geljekdigi bilen baglanyşdyrylýar.

Ýurtda ýeke-täk mobil aragatnaşygyny hödürleýän kärhananyň işindäki bu özgerişlikler ýakyn wagtda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň türkmen bazaryna dolanyp geljekdigi bilen baglanyşdyrylýar.

Geçen hepdäniň ahyrynda “Altyn Asyr” öýjükli telefon kärhanasy 0807 belgili täze hyzmaty hödürläp başlady. Bu mobil aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileri öz telefonlaryndan 0807 belgä SMS habar iberseler, olar bir aýyň dowamynda jaňlar, internet hyzmaty üçin näçe çykdajy edendikleri baradaky maglumaty alyp bilýärler.

Şeýle-de, soňky günler “Altyn Asyryň” hödürleýän internet hyzmatynyň hili-de birneme gowulandy. Hususan-da, “Altyn Asyryň” 3G internet aragatnaşygynyň tizligi öňkä garanyňda has ýokarlandy.

Ýurtda ýeke-täk mobil aragatnaşygyny hödürleýän kärhananyň işindäki bu özgerişlikler ýakyn wagtda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň türkmen bazaryna dolanyp geljekdigi bilen baglanyşdyrylýar.

Geçen aýyň ahyrynda MTS kompaniýasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça bölüminiň direktory Ýelena Kohanowskaýa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu kompaniýanyň ýakyn wagtda Türkmenistanda öz işini gaýtadan ýola goýjakdygyny mälim edipdi.

“Konkurensiýa bolsa mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili has-da ýokary bolar. Ilat üçin hem has elýeterli bolar” diýip, aşgabatly internet ulanyjy Ýazmyrat aýdýar. Onuň pikiriçe, mobil aragatnaşyk kärhanalarynyň bäsdeşligi “Altyn Asyr” kärhanasynyň çäklendirilmedik internet hyzmatynyň döremegine täsir eder.

“TürkmenTelekomyň” çäklendirilmedik ADSL internet hyzmatynyň bahasy heniz öňküligine galýar.

“TürkmenTelekomyň” çäklendirilmedik ADSL internet hyzmatynyň bahasy heniz öňküligine galýar.

Şol bir wagtda hem ýurtda internet hyzmatyny hödürleýän beýleki döwlet kärhanasy “TürkmenTelekom” hem 1-nji iýuldan başlap ADSL internet aragatnaşygynyň nyrhlaryny peseltdi. Has takygy “Öý üçin internet” diýip atlandyrylýan täze tarifi girizdi. Adyndan belli bolşy ýaly, bu tarifden guramalar, edarlardyr kärhanalar peýdalanyp bilmezler. Olar üçin öňki gymmat tarif plany hereket edýär.

Täze girizilen tarif boýunça ADSL internedine birikdirilmek üçin modem bilen bilelikde 274 manat tölemeli.

Hödürlenýän täze ADSL internet tarifinde belli bir trafik möçberi hem-de tizlik boýunça nyrh kesilýär. Mysal üçin, bu tarifiň iň arzan görnüşi sekuntda 64 kilobit tizlikli bir aý çäklendirilen trafigi 512 MB bolup, onuň bahasy 57 manat. Çäklendirilen trafik möçberinden gaýry ulanylan her bir megabaýt trafik üçin 85 teňňe tölemeli. Bu tarifiň iň gymmat görnüşi sekuntda 2048 kilobit tizlikli bir aýdaky çäklendirilen trafigi 4 gigabaýt bolup, onuň bahasy 185 manat. Çäklendirilen trafikden gaýry ulanylan her bir megabaýt üçin bolsa 1 manat 29 teňňe tölemeli. “TürkmenTelekomyň” ADSL internet hyzmatynyň bu täze tarifi öňküden tapawutlylykda ilat köpçüligine has elýeterli.

Emma “TürkmenTelekomyň” çäklendirilmedik ADSL internet hyzmatynyň bahasy heniz öňküligine galýar. “TürkmenTelekomyň” çäklendirilmedik ADSL tarifiniň iň arzany tizligi sekuntda 64 kilobit bolup, onuň bahasy 607 manat. Iň gymmat görnüşi bolsa sekuntda 2048 kilobit tizlikli bolup, onuň bahasy 19440 manat.

Internet aragatnaşygy üçin “TürkmenTelekomyň” bu nyrhlarynyň nämä esaslanyp kesgitlenendigini anyklamak başartmady. “TürkmenTelekomyň” işgärleri hem munuň sebäbini düşündirip bilmediler.

“TürkmenTelekom” 1-nji iýuldan dial-up internediniň täze tarif planyny hem girizmelidi. Emma aýyň başynda girizilmeli edilen bu tarif heniz işlänok. Girizilmegi planlaşdyrylýan bu täze tarif plany boýunça “Ýeňillikli” we “Çäksiz” iki sany dial-up tarifi bolar. “Ýeňillikli” tarif boýunça her bir minut internet ulanylyşy üçin 6 teňňe tölemeli. Şeýle-de, öňki hereket edýän abonent tölegi hem aýrylar. “Çäksiz” tarif boýunça dial-up internet hyzmaty üçin aýda 50 manat tölemeli.

“TürkmenTelekom” döwlet kärhanasynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, täze tarif plany ýakyn wagtda giriziler. Eger olaryň aýdyşy ýaly bolsa, onda “TürkmenTelekomyň” çäklendirilmedik dial-up internedi ýurtda ilat köpçüligine has elýeterli internet bolar. Ýöne dial-up internedi özüniň tehniki häsiýeti boýunça o diýen tizlikli internet däl. Bu hili internediň maksimal tizligi sekuntda 56 kilobit.

Ýokarda getirilen maglumatlardan çen tutulsa, ýurtda ilatyň internet aragatnaşygy bilen üpjünçiliginde soňky günler käbir öňegidişlikler duýulýar. Ýöne, muňa garamazdan, ilatyň mobil we internet aragatnaşygy bilen üpjünçiligindäki öňden gelýän kellagyry problemalar entägem bar. Hususan-da, Aşgabadyň käbir raýonlarynda mobil aragatnaşygynyň hili gowy bolsa, käbirlerinde ýaramaz. Ylaýta-da demir ýoluň gaýrasyndaky raýonlarda bu hili bökdençlikler has-da köp duýulýar. Şeýle-de, ”Altyn Asyryň” 3G internediniň signalyny hem hemme ýerde tutup bolmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG