Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa oýunlary: Garagol oglanlar, ýaramaz gyzlar


Kozakiýewiçiň 1980-nji ýylda Moskwada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda sowet böküjisi Konstantin Wolkowyň janköýerlerine eli bilen eden gelşiksiz yşaraty ony tas altyn medalyndan mahrum edipdi.
Kozakiýewiçiň 1980-nji ýylda Moskwada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda sowet böküjisi Konstantin Wolkowyň janköýerlerine eli bilen eden gelşiksiz yşaraty ony tas altyn medalyndan mahrum edipdi.
Içgili dabaralar we gelşiksiz hereketler Olimpiýa oýunlarynda aslynda bolmaly zat däl. Ýöne, öz gezeginde, şeýle hereketleriň-de Olimpiýa oýunlarynda ýatdan çykmajak pursatlara sebäp bolýan wagty bar.

Içgi gadaganlygy

Ors hökümeti maý aýynda Londondaky ýaryşlaryň dowamynda rus komandasynyň alkogolly içgi içmeginiň gadagan ediljekdigini mälim edipdi. Bu düzgün diňe türgenlere däl-de, olaryň ýany bilen gidýän delegasiýa agzalaryna hem degişli.

Moskwa bu kararyň sebäbi barada dil ýarmaýar. Rus komandasy iki ýyl mundan ozal Wankuwerde geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda Orsýetiň raýatlaryny örän gynandyrypdy. Şol ýaryşda komanda, 50 bolsa gowy bolardy diýip umyt edilýän medallardan diňe 14-isini alyp bilipdi.

Habar berlişine görä, komanda ol ýerde gözdençykgynç oturlyşyk gurnapdyr. Bir gün agşam bolsa, olar ýasama benzin nasosynda myhmanlara arakdyr wiski hem hödürläpdirler.

Bular Olimpiýa oýunlarynda edilmeli zatlar däl. Ýöne alkogolly içgiler Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda gürrüňi edilýän erbet nysaklaryň diňe biri däl. Olaryň arasyna gelşiksiz görnüşlerde surata düşmek hem girýär.

Gözilginç surat we beýleki hokgalar


Şu aý Awstraliýanyň Olimpiýa Komiteti özleriniň iň ökde iki ýüzüjisine temmi berip, olaryň ýaryş gutaran badyna öýlerine dolanmagyny a buýrdy. “Näme üçin?” diýmegiňiz mümkin.

Ýakynda ýüzüjiler Nik Darsi we Kenrik Monk ellerindäki kuwwatly ýaraglary bulaýlap düşen suratlaryny Facebook sosial ulgamynda ýerleşdiripdirler. Resmileriň aýtmagyna görä, garagol oglanyň sypaty türgenleriň ile görkezmeli göreldesi däl.

Türgenleriň Oýunlarda ýyllar boýy edip gelen sportdan daşary hereketleriniň jemini jemleseň, onda ol etmişler kiçiräk Olimpiýa oýunlaryny döretmäge ýeterlik bolardy.

Eýranyň dzýudoçysy Araş Miresmaili 2004-nji ýylda çykyş etmeli gününden öňki gije iýermenlik edip, artykmaç agramy üçin oýundan çetleşdirilipdi. Özüniň aýtmagyna göra, bu onuň Eýranyň döwlet hökmünde ykrar etmeýän ýurdunyň wekili, ysraýylly bäsdeşi bilen ýaryşmaly edilmeginiň garşysyna görkezen protestidi.

Bu waka polşaly syrykly böküji Wladislaw Kozakiýewiçi hem ýada salýar. Kozakiýewiçiň 1980-nji ýylda Moskwada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda sowet böküjisi Konstantin Wolkowyň janköýerlerine eli bilen eden gelşiksiz yşaraty ony tas altyn medalyndan mahrum edipdi.

Karam oýun

Sowet Soýuzynyň gylyçlaşmak, ýagny fehtowaniýe boýunça ýyldyzy Boris Onişenko 1976-njy ýylda Monerealda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda britaniýaly bäsdeşine gylyjyny degirmän, bal gazanmagy başaryp, märekäni haýran galdyrdy.

Soňra sudýalar onuň gylyjyna basylanda elektron bal sistemasyna bal goşýan ýörite düwmäniň bardygyny ýüze çykardylar. Şondan soň Onişenko we beýleki sowet sportsmenleri ýaryşdan çykaryldy.

Dermana, kuwwatlandyryja daýanmak

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sportsmenleriň beýleki bir oňaýsyz hereketi bolsa, güýç beriji dermanlary ulanmak we baýrak gowşurylýan döwri nägilelik bildirmek ýaly hereketleri hem öz içine alýar.

1998-nji ýylda Ýaponiýanyň Nagan şäherinde geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda kanadaly Ross Rebaglýati taryhda ilkinji bolup, erkekleriň arasyndaky snowbord, ýagny garyň üstünde taýakda durup typmak ýaryşynda altyn medal gazandy. Emma bir sagat soňra, ganynda marihuananyň barlygy ýüze çykarylandan soň, ol medalyndan mahrum edildi.

Wagtyň geçmegi bilen Rebaglýati altyn medalyny gaýtaryp aldy, sebäbi ol wagt, Olimpiýa oýunlarynyň düzgünlerine görä, marihuanany ulanmak gadagan däldi.

Şwed göreşijisi Ara Abrahamian 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomus oýunlarynda boýnuna ýaňyja dakylan bürünç medalyny ýere taşlap, ýakasyny tanatdy. Italiýaly bäsdeşinden ýeňlenini boýun alman, protest hökmünde eden hereketi onuň Olimpiýa komiteti tarapyndan gyrakladylmagyna getirdi.

Bu agzalanlar ýaryşda ýeňlenleriň iň belli mysallary däl.1998-nji ýylda ABŞ-nyň erkekler hokkeý komandasy Nagan şäherinde ýerleşýän sportsmenler şäherçesindäki otaglaryny hapalapdylar. Sebäbi olar, yzygiderli utulup, dowam edýän oýunlardan çykarylypdylar.

Garaşylmadygam bolsa, bu wakalar Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda öz yzlaryny galdyrdylar. Dünýäniň garaşýan ylham beriji pursatlary bolmasa-da, bu wakalar bolmadyk bolsa, agzalýan ýaryşlary doly göz öňüne getirip bolmaz.
XS
SM
MD
LG