Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň prezidentine Olimpiýa oýunlaryna barmaga rugsat berilmedi


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Londonda geçjek olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna akkreditasiýanyň berilmändigi aýdylýar.

Bu barada Orsýetiň Döwlet dumasynyň başlygynyň orunbasary we Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy Aleksandr Žukow özüniň “Twitter” hasabynda mälim etdi.

Lukaşenkonyň režiminidäki adam hukuk bozulmalar we beýleki demokrtaik gadagançylyklar sebäpli, Aleksandr Lukaşenko we beýleki 200-e golaý belarus resmisine Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, şol sanda Britaniýa hem girmegine gadagançylyk girizilipdi.

Londonda Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda 120 döwletiň baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olimpiýada resmi taýdan anna güni başlanýar. Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we Zimbabweniň ýolbaşçysy Robert Mugabe bu çärä çagyrylmady.
XS
SM
MD
LG