Sepleriň elýeterliligi

“Al-Kaýda” Yrakdaky hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Yrakda ýüzlerçe adamyň ölmegine we ýaralanmagyna getiren hüjümleriň jogapkärçiligini “Al-Kaýda” topary öz üstüne aldy. Bu barada “Yragyň yslam döwleti” atly toparynyň web-saýtynda maglumat ýerleşdirildi.

Duşenbe güni amala aşyrylan ýaragly hüjümlerde we bomba partlamalarynda 115 adam öldi we 300-e golaýy ýaralandy diýlip resmi maglumatda aýdylýar.

Sünni “Al-Kaýda” toparynyň Yrakdaky bölümi esasan şaýy musulmanlaryna hüjüm edýär.
XS
SM
MD
LG