Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň oppozisiýa lideri ençeme millionlyk jerime töleýär


Oppozisiýadaky “Gürji arzuwy” hereketiniň başlygy Bidzina Iwanişwili hökümetiň gaznasyna 80 million larini (48 million amerikan dollary) geçirýändigini mälim etdi.

Iwanişwili munuň salnan jerimäni tölemek we ýurduň gündogarynda suw joşmalarynda ejir çekenlere hemaýat bermek üçin niýetlenendigini aýtdy. Iwanişwili ilki başda jerimäni tölemekden boýun gaçyrypdy. Emma ol özüniň “Facebook” hasabynda, munuň suw joşmalarynda jepalary başdan geçiren adamlara hemaýat bermek üçin gowy mümkinçilik boljakdygyny belledi.

Geçen aýda Iwanişwilä syýasy maliýeleşdirmäniň düzgünlerini bozdy diýlip, 90 million dollar töwereginde temmi hökmünde pul salgydy salnypdy. Soňundan jerime 45 million dollara çenli peseldildi.

Oppozisiýa lideri Bidzina Iwanişwili oktýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlarynda, prezident Mihail Saakaşwiliniň partiýasyny häkimiýetiň başyndan aýyrmak ugrunda çäreler geçirýär.
XS
SM
MD
LG