Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik hökümeti ýurduň gündogarynda ýaraşygy yglan etdi


Täjigistanyň prezidenti ýurduň gündogarynda hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky çaknyşygy togtatmak üçin, ok atyşlygyň bes edilýändigini yglan etdi.

Dagly-Badakşan regionunyň ýerli hökümetiniň başlygy Kodiri Kosim prezident Emomali Rahmonyň bu barada çarşenbe güni aýdandygyny mälim etdi. Şeýle-de, Rahmon gepleşikleri geçirmek üçin, ýurduň goranmak ministriniň baştutanlygyndaky delegasiýany bu sebite ugratdy.

Hökümet ýaragly adamlary “söweşijiler” diýip häsiýetlendirdi. Emma bularyň anyk kimdigi barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok.

Sişenbe güni çaknyşykda 50-ä golaý adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG