Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pranab Mukherji Hindistanyň 13-nji prezidenti boldy


Çarşenbe güni Pranab Mukherji Hindistanyň 13-nji prezidenti hökmünde kasam içdi.

Ýurduň ozalky federal maliýe ministri we dolandyryjy “Kongress” partiýasynyň weterany ýekşenbe güni parlamentiň agzalary we kanun çykaryjy assambleýa tarapyndan prezidentlige saýlanypdy.

Pranab Mukherjiden ozal ýurduň prezidenti Pratibha Pati boldy. Ol Hindistanyň ilkinji aýal prezidenti bolup, onuň bäş ýyllyk möhleti tamamlandy.

76 ýaşly Mukherji soňky 40 ýylyň dowamynda, ýurduň ýokary derejeli wezipelerinde işläpdi. Hindistanda prezident wezipesiniň esasan formal derejesi bolup, häkimiýet premýer-ministriň elinde saklanýar.
XS
SM
MD
LG