Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda “etniki çydamsyzlygy” döredýän aýdym gadagan edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäheriniň regional sudy dawaly rep aýdymyny gadagan etdi. Aýdymyň sözleriniň etnik özbekler bilen entik gyrgyzlaryň arasynda “etnikara çydamsyzlygy” döredýändigi öňe sürüldi.

Suduň çarşenbe güni çykaran kararyna görä “Oş şäheri” aýdymyny aýtdyrýan adamlar tussag edilip we jezalandyrylyp bilner.

Oş şäheriniň döwlet uniwersitetiniň ekspertleri özbek dilinde aýdylýan bu aýdymy gadagan etmäge çagyryş edipdiler.

Bu aýdym geçen aý internetiň üsti bilen ýaýrap başlady. Ol Oş şäherinde etnik gyrgyzlar bilen etnik özbekleriň arasyndaky ganly çaknyşyklaryň ýyl dönümine gabat geldi. Aýdymda çaknyşykda ölen özbekler ýatlanýar we gyrgyzlaryň “gazaply” diýlip atlandyrlan hüjümleri beýan edilýär.

2010-njy ýylyň iýunynda Oş we Jalalabad şäherlerinde dörän ganly çaknyşyklarda 400 çemesi adam heläk bolupdy. Olaryň aglabasy etnik özbeklerdi.
XS
SM
MD
LG