Sepleriň elýeterliligi

Amerikan diplomaty Türkmenistanyň potensialy barada


Robert Bleýk, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi

Robert Bleýk, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi

Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşinde Türkmenistanyň lider bolmak potensialynyň bardygyny aýdýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk hepdäniň sişenbe güni, 24-nji iýulda Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň Wekiller öýüniň daşary işler boýunça komitetinde eden çykyşynda belledi.

“ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy” boýunça eden dokladynda Robert Bleýk Türkmenistanyň ilkinji nobatda Owganystan meselesinde eýeleýän ornuna ünsi çekdi.

“Türkmenistan ynsanperwer kömegi, şeýle hem demirýol we energiýa infrastrukturasyny gurmak bilen, Owganystany goldady we bu ýurduň regionda integrirleşmegine ýardam berdi” diýip, Bleýk nygtady.

TOPH

Golaýda gaz satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Pakistan, Owganystan we Hindistan bilen baglaşan şertnamasy TOPH gaz geçirijisi boýunça proýektiniň söwda menzili derejesine ýetmäge ýardam berdi diýip, Bleýk dokladynda belläp geçdi.

Robert Bleýk TOPH proýektiniň Türkmenistan üçin möhümdigini nygtamak bilen, regionyň ykdysady ösüşinde Türkmenistanyň lider bolmak potensialynyň bardygyny aýtdy.

“Biz ýurduna maýa ýatyrmakda açyk we aýdyň mehanizmleri işläp düzmäge, Amerikan kompaniýalaryna mümkinçilikleri döretmäge Türkmenistana çagyryş edip gelýäris. Mümkinçiligini doly durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmekde düýpli ädim ätmeli” diýip, Robert Bleýk Wekiller öýüniň daşary işler boýunça komitetinde eden dokladynda belledi.

Iki döwletiň arasynda ykdysady-biznes gatnaşyklaryny ösdürmekde adam hukuklarynyň berjaý edilmegine ABŞ-nyň uly sarpa goýýandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlar Türkmenistanda adam hukuklaryna hormat goýmak barada aladalaryny yzygiderli yglan edip gelýär. Ýurtda graždan jemgyýetini ösdürmekde we demokratik sistemany gurmakda ABŞ-nyň Türkmenistana kömegini hödürländigini Bleýk öz çykyşynda belledi.

Merkezi Aziýa

“ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy” boýunça edilen bu hasabatda ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň iki möhüm tarapy bellenilýär.

Owganystan meselesinde ABŞ Merkezi Aziýa döwletlerini möhüm ýarany hasaplaýar, çünki Owganystanyň howpsuz, asuda we ösen ýurt bolmagynda bu ýurtlaryň ýerine ýetirýän missiýasyna ABŞ uly ähmiýet berýär. Hususanda, häzirki wagtdan başlap 2014-nji ýyla çenli Owganystandan harby güýçlerini çykarýan döwründe ABŞ Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýär.

Merkezi Aziýa regiony strategiki taýdan dünýäniň möhüm sebitleriniň biri hasaplanýar. Hytaý, Orsýet, Ýewropa ýurtlary, şeýle hem Eýran, Owganystan, Pakistan we Hindistan ýaly döwletleriň aralygynda ýerleşýän bu region bilen hyzmatdaşlyga ABŞ uly gyzyklanma bildirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG