Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB postsowet ösüşiniň peseljegini çaklaýar


ÝDÖB-nyň Londondaky binasynyň girelgesi.
ÝDÖB-nyň Londondaky binasynyň girelgesi.
Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş bankynyň maglumatyna görä, ýewrozonadaky krizis Orsýete we Merkezi Aziýa ýaýraýar.

Bankyň 25-nji iýulda ýaýradan “Regionyň ykdysady perspektiwalary” atly hasabatynda 2013-nji ýylda käbir postsowet ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň 3 prosentden gowrak peseljekdigi aýdylýar.

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş bankynyň baş ykdysatçysy Erik Berglof öz guramasynyň 25-nji iýulda ýaýradan täze hasabaty barada şeýle diýýär:

“Biz ýewrozonadaky krizisiň biziň regionymyza edýän täsirine köpden bäri alada bildirip gelýäris. Biz häzir bu krizisiň diňe bir merkezi we günorta-gündogar Ýewropa täsir etmeýändigini görýäris. Ol Orsýete we Merkezi Aziýa hem ýaýraýar. Biz muňa juda aladalanýarys.”

Postsowet ýurtlarynyň ösüşi

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky postsowet ýurtlarynyň 2012-nji ýyldaky ykdysady ösüşi boýunça çaklamasyny 2,7 prosente çenli kemeltdi. Bu görkeziji öň 3,1 prosente deňdi. Şeýle-de bank sebitde ykdysady ösüşiň 2013-nji ýylda hem peselip, 3,2 prosente deň boljakdygyny aýdýar.

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky şu ýyl Orsýetiň ykdysadyýetindäki ösüşiň 3,1 prosente deň boljakdygyny mälim edýär. Bankyň öňki çaklamalaryna görä, şu ýyl Orsýetiň ykdysadyýetiniň 4,2 prosent ösmegi mümkindi.

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş bankynyň täze hasabatynda geçiş etabyndaky ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň juda peselmek töwekgelçiligiň dowam etmeginiň ýewrozonadaky krizisiň hasam ýaramazlaşmagyna getirmeginiň mümkindigi duýdurylýar.

Bank käbir ýurtlardaky ykdysady ösüşiň peselmegine dünýä bazarlarynda çig harytlaryň, ylaýta-da nebitiň bahasynyň arzanlamagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Peseliş bergi bilen bagly

Hasabata görä, ýewro pul birligini ulanýan 17 ýurtda, umuman, bu blokda ykdysady ösüşiň pes bolmagynyň Ýewropa Bileleşiginiň öz bergi krizisleriniň öňüni almak ugrundaky tagallalary bilen baglydygy bellenýär.

Bu krizis Gresiýada, Portugaliýada, Irlandiýada, Ispaniýada, Italiýada emele geldi we ol guramanyň beýleki agzalaryna hem howp salmagyny dowam etdirýär.

Emma bankyň hasabatyna laýyklykda, Gyrgyzystandaky altyn känlerinde işleýänleriň iş taşlamagy ýaly wakalar hem içerki önümçiligiň peselmegine sebäp bolupdyr.

Merkezi Aziýa barakady çaklamalar

Şol bir wagtyň özünde bankyň Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlaryndaky ykdysady ösüş boýunça çaklamalary üýtgemedi. Mysal üçin, şu ýyl Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 10 prosent, Özbegistanyň ykdysadyýetiniň 5 prosent ösjekdigi aýdylýar.

Hasabata görä, tebigy baýlyklary ummasyz Gazagystanyň ykdysady ösüşi 5 prosente deň bolar.

Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere ýakyn ýerleşýän ýurtlaryň arasynda Belarusyň ykdysady ösüşiniň maý aýynda 2,5 prosent bolanlygyndan 4,5 prosente ýetjekdigi aýdylýar.

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky 1991-nji ýylda döredildi. Ol Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 30 çemesi ýurduna sermaýa ýatyrylyşynyň ösmegine kömek üçin esaslandyryldy.
XS
SM
MD
LG